Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň baştutanlygynda daşary ýurtlara amala aşyrylan saparlaryň çäklerinde 37,7 milliard dollar möçberinde 239 ylalaşyga gol çekilendigini belläp geçdi.
Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýurduň parlamentiniň Senatynda eden çykyşynda döwlet Baştutanynyň daşary ýurtlaryň Baştutanlarynyň 12-si bilen duşuşandygyny aýtdy. Ol Prezident Şawkat Mirziýoýewiň üstümizdäki ýylda Türkmenistanda, Gazagystanda, Russiýada we Hytaýda saparda bolandygyny mälim etdi. Hasabat döwründe daşary ýurtlaryň wekilçilikli toparlarynyň 266-synyň Özbegistanda saparda bolandygy aýdyldy.
Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow Ýewropa Parlamentiniň Özbegistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dokma pudagyndaky hyzmatdaşlyk ähtnamasyny tassyklandygyny belläp, onuň güýje girmeginiň netijesinde, ýurduň dokma önümlerini Ýewropa ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik dörejekdigini aýtdy.