23-nji maý­da Lon­don­da “Bu­ker” baý­ra­gy­nyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. 55 ýaş­ly bol­gar ýa­zy­jy­sy, şa­hyr Ge­or­gi Gos­po­di­now “Ga­çy­ba­tal­ga” (Time Shel­ter) ro­ma­ny üçin bu baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Ol bu baý­ra­gyň 24-nji maý­da bel­le­nip ge­çil­ýän slaw­ýan ede­bi­ýa­ty­nyň gü­nü­niň öň ýa­nyn­da ber­len­di­gi­ne ho­şal­ly­gy­ny bil­dir­di.
Ki­tap­da Als­geý­me­re ke­se­li­ne uç­ran­lar üçin tos­la­ma has­sa­ha­na ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Has­sa­ha­na­nyň her ga­ty ozal­ky on­ýyl­lyk­la­ryň me­bel­le­ri, egin-eşik­le­ri, hoş­boý ys­la­ry we beý­le­ki ze­rur­lyk­la­ry bi­len üp­jün edi­lip, ol ýer­de öz­bo­luş­ly dur­muş dö­re­dil­ýär. Ne­ti­je­de, bu ýag­daý has­sa­la­ra ge­çen gün­le­ri­ni ýat­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýö­ne so­ňa­ba­ka sag­dyn adam­lar hä­zir­ki dur­mu­şyn­dan we nä­bel­li gel­je­gin­den giz­len­mek üçin has­sa­ha­na ge­lip ug­ra­ýar­lar.
Baý­ra­gy Gos­po­di­now bi­len ro­ma­ny bol­gar di­lin­den iň­lis di­li­ne ter­ji­me eden ter­ji­me­çi An­že­la Ro­del paý­laş­dy. Ola­ra baý­rak hök­mün­de 50 müň funt be­ril­di.
Ge­çen ýyl şri-lan­ka­ly ýa­zy­jy Şe­han Ka­ru­na­ti­la­ka “Maa­li Al­meý­da­nyň ýe­di Aýy” (The Seven Moons of Maa­li Al­mei­da) ro­ma­ny üçin 2022-nji ýy­lyň ede­bi­ýat bo­ýun­ça “Bu­ker” baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Ýa­zy­jy­nyň bu ro­ma­nyn­da 1990-njy ýyl­lar­da Şri-Lan­ka­da bo­lup ge­çen geň-taň wa­ka­lar ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.
Dün­ýä­niň iň ab­raý­ly ede­bi baý­rak­la­ryn­dan bi­ri bo­lan “Bu­ker” 1968-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Il­kin­ji baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy 1969-njy ýyl­da ge­çi­ril­di. Bu baý­rak 2013-nji ýy­la çen­li Mil­let­ler Ar­ka­la­şy­gy­nyň, Ir­lan­di­ýa­nyň ýa-da Zim­bab­we ýurt­la­ry­nyň bi­rin­de ýa­şa­ýan ýa­zy­ja be­ril­ýär­di. Soň­ra emin ag­za­la­ry beý­le­ki ýurt­la­ryň ýa­zy­jy­la­ry­na hem iň­lis di­lin­de ýa­zy­lan we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ne­şir edi­len eser­le­ri bi­len baý­rak üçin bäs­leş­mä­ge rug­sat ber­di­ler.