Şweýsar bilermenleri Alp daglarynda hem-de Demirgazyk polýusda plastigi pes temperaturada-da bölüp bilýän mikroorganizmleriň üstüni açdy. Şweýsar Federal institutynyň (WSL) alymlary plastik galyndylaryň ýok bolmagy bilen bagly ylmy iş geçirdiler. Gaplama we suwuklyklaryň guýulmagynda peýdalanylýan plastik materiallar tebigatda uzak wagtlap çüýremän saklanýar. Bu bolsa topraga, suwa hem-de jandarlara zyýan ýetirýär. Bu galyndylary gaýtadan çig mal hökmünde peýdalanyp bolýan hem bolsa, bu gymmat düşýär hem-de gaýtadan peýdalanmak üçin köp mukdarda energiýa gerek bolýar. Bu hem tebigata zeper ýetirýär. Şol sebäpli alymlar plastigi biologik taýdan çüýredýän usullaryň üstünde işleýärler. Şweýsar alymlarynyň geçiren barlagynda mikroorganizmleriň ýarysyndan gowragy 15 dereje temperaturada biologiýa taýdan bölünýän polýester-poliuretan öndürdi. Şeýle hem mikroorganizmler diňe iki görnüşli plastigi ýok edip bilmediler.
Bu ylmy iş birnäçe taksonyň plastikleri bölüp bilýändigini ilkinji gezek ýüze çykardy. Şeýle hem ozalky geçirilen barlaglardakydan hem pes temperaturada plastikleriň bölünip bilinjekdigi anyklandy.
Alymlaryň pikiriçe mikroorganizmler plastik ykdysadyýetiniň durnuklylygyny saklamak üçin mümkinçilik döredip biler. Mundan başga-da plastikleri kömelekler arkaly ýok etmegiň hem usullary gözlenýär.
Maglumatlara görä, her ýyl dünýäde 460 million tonna plastmassa önümleri öndürilýär.
Aşyrmämmedowa Ýazgül, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.