Kino ýa-da spektakla tomaşa edilende güýmenje iýmiti bolan patragy halamaýan ýok bolsa gerek. Körpejeleriň hem lezzet bilen iýýän patragy iň gadymy iýmitleriň biri hasaplanýar. Ata Watany Meksika hasaplanýan mekgejöweniň 200 töweregi görnüşi bar. Dünýäde iň köp sarp edilýän däneli ekinleriň hatarynda mekgejöwen bugdaýdan we şalydan soň üçünji ýerde durýar. Hasyly bilen atdaş bolan bu ösümligiň dänesiniň halk arasyndaky ýörgünli ady mekge bolup, esasan, iki görnüşde – gaýnadylyp ýa-da gowrulyp iýilýär. Käbir ýurtda mekgejöwenden süýjülikler, çorba we işdäaçarlar taýýarlanylýar. Şeýle hem mekgejöweniň unundan konditer önümleri taýýarlanylýar. Gözbaşyny amerikan medeniýetiniň irki döwürlerinden alyp gaýdýan bu iýmit XVI asyrda Ýewropa we Gündogar ýurtlaryna ýaýrap başlaýar. Şol ýyllarda Amerika göçüp gelen taýpalar patrak etmek üçin pop atly mekgejöwen görnüşini ösdürip ýetişdiripdirler. Olar dürli dabaralarda mekgäni çişe düzüp iýýän ekenler. Patragy bolsa, otda goýup ýa-da köze gömüp taýýarlapdyrlar. Patrak taýýarlanýan mekgejöweniň irki sorty bolan pop häzirki wagtda köp ýurtda atlandyrylýan «popkorn» sözüniň emele gelmegine getiripdir.
Mekgejöwen dänesiniň ähli görnüşinden patrak taýýarlap bolmaýar. Munuň üçin düzüminde köp mukdarda suw saklanýan mekge saýlanyp alynýar. Däneler gowrulanda suw bugarýar we içindäki krahmal ýelmeşýär. Ýokary basyş sebäpli krahmal daşyndaky gaty gabygyny «pop» edip ýarýar we patrak emele gelýär. Däneler ýarylandan soň 30 essä çenli ulalyp, kiçijik ak ýyldyzjyklary emele getirýär. Bu hadysa 200 dereje gyzgynlykda bolup geçýär. Sary mekgejöwen däneleriniň ak reňke öwrülmeginiň sebäbi düzümindäki krahmal bilen baglydyr. Dänäniň patraga öwrülmek hadysasy tebigatda başga hiç ýerde gaýtalanmaýar. Patrak B we E witaminlere baý iýmit bolup, adam bedeni üçin zerur bolan antioksidant maddalary üpjün edýär. Bilermenleriň bellemegine görä, patrak dünýäde iň köp iýilýän iýmitleriň biri hasaplanýar.