28-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň “Türkmen halysy – türkmeniň kalby” atly ХХIII mejlisi geçirildi.
Dünýäniň dürli künjeginden gelen wekiliýetleriň köp bolmagy daşary ýurtlaryň işewür düzümleriniň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurdumyza we geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny tassyklaýar. Şeýle hem bu forum täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär. Foruma gatnaşýanlaryň hatarynda Russiýadan, Türkiýeden, Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan, Owganystandan, Özbegistandan we Pakistandan gelen türkmen haly sungatynyň muşdaklary, iri önüm öndüriji kärhanalaryň, söwda kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ylmy-barlag we medeniýet merkezleriniň wekilleri, alymlar, bilermenler bar.
Türkmen halysynyň baýramy halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlygynyň – ajaýyp sungatynyň şöhratyny belende göterýän senedir. Bu baýram pederlerimiziň ruhy-ahlak wesýetlerine, gymmatlyklaryna hem-de özboluşly milli ýörelgelerine wepalydygymyzy görkezýär we şöhraty dünýä dolan türkmen halylarynyň ähmiýetine bagyşlanýar. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýändigini bellemeli. Türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli gymmatlyklarymyzyň daşary ýurtlarda-da uly şöhrata eýe bolýandygyny görkezýär.
Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde milli halyçylyk sungatynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerinden ybarat bolan sergi ýaýbaňlandyryldy. Muzeý binasynyň öňünde ýerleşdirilen ak öýler, halyçylyk ussahanalarynyň şekilleri milli bezeg ýörelgeleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär.
Ir säher bilen bu ýerde baýramçylyk aýdym-sazlary ýaňlandy. Folklor-etnografiýa toparlarynyň, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlarynda aýawly saklanylýan we nesilden-nesle geçirilip gelýän milli halyçylyk sungatynyň asylly däpleri, özboluşly inçe sungaty öz beýanyny tapdy.
Baýramçylyk mynasybetli guralan serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, medeniýet, sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyplar hem-de ýurdumyzyň ussat halyçylary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň halyçylaryna we ähli halkyna iberen Gutlagynda asylly däbe öwrülen Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisiniň ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezmäge, oňa gatnaşyjylara özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge mümkinçilik berjekdigi bellenilýär.
Türkmen halysynyň baýramynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat halyçylaryň birnäçesine “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly atlar dakyldy.
Günüň ikinji ýarymynda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň maslahatlar zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň çäklerinde türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny, haly dokamagyň milli däplerini, amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşlerini aýawly saklamak we giňden wagyz etmek, pudaga senagat taýdan täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak wezipelerini amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlarynda gadymy haly nagyşlarynyň taryhy, dürli ýurtlarda, dürli taryhy döwürlerde halyçylyk sungatynyň ösüşiniň özboluşly aýratynlyklary bilen baglanyşykly meselelere, bu ugurda häzirki zaman kompýuter programmalaryny we haly önümlerini taýýarlamakda beýleki täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň edildi. Pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ylmy çeşmelerinde haly hem-de haly önümleri hakynda irki gazuw-agtaryş, etnografiýa işlerinde gazanylan üstünlikler barada giňişleýin maglumatlaryň berilýändigi aýdyldy. Şunda türkmen halkynyň gadymy sungatynyň ajaýyp taryhyna, çeperçilik ähmiýetine üns berildi.
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen sergä hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň “Türkmen halysy – türkmeniň kalby” atly ХХIII mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli halyçylyk sungatynyň şöhratly däplerini ösdürmek ugrunda edýän tagallalary, bu pudakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda döredilýän amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözleri beýan edilýär.
Agşam “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde ýaýbaňlandyrylan çykyşlar ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň baýramçylyk sowgadyna öwrüldi we ol şanly senäniň özboluşly dowamy boldy. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli tutuş ýurdumyzda duşuşyklar, sergiler guraldy, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki çäreler geçirildi.