29-njy maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň we­zi­pe borç­la­ry­ny wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji W.Ha­ji­ýew Aş­ga­ba­da iş sa­pa­ry bi­len BSG-a go­şul­mak de­par­ta­men­ti­niň mü­di­ri Mai­ka Oşi­ka­wa bi­len du­şu­şyk ge­çir­di.
Du­şu­şyk­da ta­rap­lar Türk­me­nis­ta­nyň BSG-ä go­şul­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men ta­ra­py­nyň BSG-niň Sek­re­ta­ria­ty bi­len bu ugur­da kes­git­li ugur­la­ry göz öňün­de tut­ýan hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek bo­ýun­ça 2023-2024-nji ýyl­lar üçin Iş me­ýil­na­ma­sy­ny taý­ýar­lan­dy­gy we tas­syk­lan­dy­gy nyg­tal­dy.
M.Oşi­ka­wa, Türk­me­nis­ta­nyň BSG-ä go­şul­ma­gy bi­len bag­ly taý­ýar­lyk çä­re­le­ri­ni ta­mam­la­mak bo­ýun­ça köp san­ly me­se­lä­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin türk­men ta­ra­py­nyň me­ýil­na­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Şeý­le­lik­de, hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan, BSG-e gir­me­giň şert­le­rin­den bi­ri bo­lup dur­ýan, da­şa­ry söw­da ýag­da­ýy ba­ra­da Äht­na­ma­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­jeň he­re­ket­le­ri alyp bar­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Pu­da­ga­ra hö­kü­met to­pa­ry­nyň BSG-a gir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri­ni öw­ren­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li işi bel­len­di. Bu ugur­da BMG we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len gu­ra­ma­la­ry, Ys­lam Ösüş Ban­ky we Azi­ýa Ösüş Ban­ky ýa­ly hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry bi­len iş­ler ýo­la go­ýul­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da ta­rap­lar Türk­me­nis­tan bi­len Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da­ky öza­ra gat­na­şyk me­ýil­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­de öňe­gi­diş­li­giň bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di­ler.