30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.
Bir sagatdan gowrak wagtdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Tähran şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar mähirli garşyladylar. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş bilen söhbetdeş boldy.
Howa menzilinden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni sapar wagtynda özi üçin niýetlenen kabulhana — «Saadabad» toplumynyň «Serwestan» binasyna tarap ugrady.
Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani bilen duşuşdy.
EYR-nyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderini mübärekläp hem-de Eýrana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň durmuş-ykdysady ösüşde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda gazanan we häzirki günde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanmagyny dowam etdirýän üstünliklerine Eýranda tüýs ýürekden guwanýandyklaryny nygtady.
Soňra ikitaraplaýyn, şeýle-de iri halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alşyldy.
Sebit we halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri halkara giňişlikde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlaryň netijesinde Merkezi Aziýanyň we oňa goňşy döwletleriň dünýäniň üns merkezindedigini belledi. Bu bolsa sebitiň ornunyň belli bir derejede ýokarlanmagyny şertlendirýär. Söhbetdeşleriň umumy pikirine görä, ýurtlarymyzyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi sebitimiz bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryň ýylsaýyn ýokarlanmagynda berk esas bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň esasy meseleleriniň birine — sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär.
Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň Hazar deňzi bilen bagly meseleleri boýunça-da pikir alşyldy. Mälim bolşy ýaly, sebitdäki geosyýasy ýagdaýlarda belli bir derejede Hazar deňziniň täsiri peýda bolup başlady. Bu bolsa sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge borçlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda sebit ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň netijeleri boýunça gazanylan anyk ylalaşyklaryň möhümdigi bellenildi.
Şol bir wagtda, häzirki dünýä şertlerinde, Hazar basseýniniň diňe bir syýasy däl-de, eýsem, ykdysady taýdan hem ähmiýetiniň artýandygyny bellemek zerur diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň bu ugurda hyzmatdaşlygyň strategik mümkinçiliklerini görýändigini nygtady.
Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Ulag, nebitgaz we elektroenergetika ýaly iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin strategik taýdan ähmiýetli ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen EYR-nyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň, şeýle hem iki ýurduň parlamentleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri barada pikir alşyldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Sadek Amoli Larijani Türkmenistanda Arkadag şäheriniň bina edilendigi baradaky habary uly guwanç bilen kabul edendigini aýdyp, bu şäherde metjidiň we medresäniň gurulmagynyň sogap işdigini belledi. Munuň özi dini ýörelgeleriň dowam etdirilmegine ýardam berer. Bu bolsa biziň doganlyk halklarymyzy has-da ýakynlaşdyrýar.
Öz nobatynda, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda ýollaryň, köprüleriň hem-de beýleki desgalaryň gurulmagy bilen bir hatarda, metjitleriň bina edilmeginiň ähli döwürlerde-de sogap iş hasaplanýandygyny nygtady. Täze Arkadag şäherinde metjidiň gurulmagy ynsanperwerligiň belent nusgasydyr.
Halk Maslahatynyň Başlygy döwletlerimiziň arasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň maksadalaýykdygyny belläp, Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Soňra Gahryman Arkadagymyzyň awtoulag kerweni “Maşrute” binasyna tarap ugrady. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşyk geçirildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Garaşsyz Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasatyna hem-de ýurdumyzyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine goşýan uly goşandyna ýokary baha berdi.
Eýranyň parlamentiniň ýolbaşçysy Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parlamentara topary döretmek baradaky başlangyjyny goldap, onuň işiniň döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine hem-de giňeldilmegine gönükdiriljekdigini belledi. Döwletlerimiziň eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilige eýedigini aýdyp, iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda söwda wekilhanalaryny döretmegiň hasabyna ony ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.
Mohammed Bager Galibaf eýran tarapynyň bu meselelere garamaga taýýardygyny tassyklap, şu gezekki saparyň jemleri boýunça gol çekiljek resminamalaryň däp bolan döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze kuwwat berjekdigine ynam bildirdi.
Ekologiýa meselesi ara alnyp maslahatlaşylan möhüm ugurlaryň biri boldy. Ol häzirki zamanyň örän möhüm wezipesidir. Bellenilişi ýaly, Eýran Türkmenistan tarapyndan bu ulgamda öňe sürülýän ähli başlangyçlary hemişe goldap gelýär we geljekde-de goldar.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
EYR-nyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf çakylyk hem-de netijeli söhbetdeşlik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, abadançylyk we işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni “Saadabad” toplumynyň “Jumhuri” köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşyk boldy.
Goňşy döwletiň Baştutany hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy mübärekläp, türkmen halkynyň Milli Liderini Tähranda görmäge şatdygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda döwletara syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygyny bellediler. Iki döwletiň Baştutanlarynyň özara saparlary we olaryň çäklerinde geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler, hususan-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji ýubileý sammitine hem-de 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana amala aşyran iş saparlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 14-15-nji iýunynda Eýrana amala aşyran ilkinji resmi sapary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu özara saparlar hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly itergi berip, türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berdi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň anyk gurallaryny işläp taýýarlamak üçin ministrlikleriň hem-de Hökümet wekilleriniň özara saparlaryny yzygiderli esasda guramagy teklip etdi. Taraplar halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Ýurtlarymyzyň dünýä ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça birek-biregiň başlangyçlaryny we tekliplerini goldaýandygy aýratyn bellenildi. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara derejede has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny belledi.
Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda çykyş edýän söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, gaz, elektroenergetika, ulag, suw pudaklaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Prezident Seýed Ebrahim Raisi türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de wekiliýet agzalaryny mübärekläp, Eýranyň Türkmenistana ýakyn dost we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi. Goňşy ýurduň Baştutany döwletara hyzmatdaşlygyň köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň berk binýadyna esaslanýandygyny kanagatlanma bilen belläp, ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
EYR-nyň Prezidenti Tährandaky şu gezekki duşuşygyň iki döwletiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirip, eýran-türkmen dialogynyň pugtalandyrylmagyna uly üns berýändigini belledi.
Soňra hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýrana sapar bilen gelmäge çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin Prezident Seýed Ebrahim Raisä minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Biziň halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökler, hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy däpleri baglanyşdyrýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we şu gezekki duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerine garalandygyny belledi. Gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi netijeli türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmäge ýardam berer.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, döwletara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine we pugtalandyrylmagyna berýän ünsi, edýän tagallalary üçin türkmen tarapynyň adyndan EYR-nyň Prezidentine aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, şu gezekki duşuşygyň türkmen-eýran doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine berk ynam bildirildi.
Gepleşikleriň dowamynda häzirki wagtda dünýä giňişliginde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň barha artýan orny bilen baglylykda, sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi sebit derejesinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýylsaýyn artýan gyzyklanmanyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birine, hususan-da, sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär.
Türkmenistan Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy gorap saklamak, goňşy Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça başlangyçlary öňe sürüp, olary amala aşyrmak boýunça anyk işleri alyp barýar. Hususan-da, Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, ulag we kommunikasiýalar ýaly ugurlarda sebit we halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegine badalga berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek ugrunda amala aşyrýan demir ýol gurluşygynyň uly ähmiýetini nygtap, infrastruktura taslamalarynyň diňe bir owgan tarapy üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem maýa goýum boljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde goňşy döwletlere aýratyn orun degişlidigini nygtap, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Türkmenistanyň hem Eýranyň gatnaşyklarynda Hazar deňzi bilen baglanyşykly meselelere möhüm orun berilýär. Häzirki wagtda sebitde bolup geçýän geosyýasy ýagdaýlar sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegini talap edýär. Taraplar sebitiň döwlet Baştutanlarynyň 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň netijeleri boýunça gazanylan anyk ylalaşyklaryň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen bir hatarda, Hazar basseýniniň diňe bir syýasy däl, eýsem, ykdysady nukdaýnazardan hem ähmiýeti nygtaldy we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin strategik mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.
Gaz alyşmak boýunça ýurtlarymyzyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Taraplar bu ugurda bilelikdäki tagallalary dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.
Mary — Maşat elektrik geçiriji ulgamy
Elektroenergetika hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurdy birleşdirjek Mary — Maşat elektrik geçiriji ulgamyny çekmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigi barada aýdyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Eýran ulag ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýär. Munuň özi bu pudakda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de ýük gatnawlaryny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe anyk teklipleri, şol sanda Gazagystan — Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň hem-de Hazar deňzindäki Eýranyň portlarynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak meselelerine degişli başlangyçlary beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi iki dostlukly ýurduň, olaryň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda elektroenergetika babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasy; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gürgen Oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky Bilelikdäki Jarnama kabul edildi. Jarnamada dostlukly we ynanyşykly ýagdaýda geçen duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy, parlamentara, söwda, ulag, energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň ähli ugurlary boýunça pikir alşylandygy nygtalýar. Resminamada bellenilişi ýaly, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nazara almak bilen, iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýän ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy bellenildi.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri we EYR-nyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.