29-njy maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň «Dae­woo En­gi­nee­ring & Const­ructi­on Co., Ltd» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy we mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Jong Won-ju­ny ka­bul et­di.

Işe­wür döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi hem-de iki­çäk söh­bet­deş­lik­de hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, özü­niň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­nyň oňyn öz­gert­me­ler ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan hem-de dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­de üs­tün­lik ga­za­nan ýur­du­myz bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz myh­man bi­len mä­hir­li gör­şüp, Türk­me­nis­ta­nyň Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­len däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz türk­men-ko­reý hyz­mat­daş­ly­gy­nyň äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ok­gun­ly ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Bi­ziň ýurt­la­ry­myz sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ul­gam­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da­ky köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýo­la goý­lan gat­na­şyk­la­ra ne­ti­je­li hä­si­ýet mah­sus­dyr. Soň­ky dö­wür­de, şeý­le-de tu­tuş­ly­gy­na döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­ýän par­la­men­ta­ra dia­log tä­ze ösü­şe eýe bol­dy.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da «Dae­woo En­gi­nee­ring & Const­ructi­on Co., Ltd» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň bi­ziň ýur­du­my­za şu ge­zek­ki sa­pa­ry­nyň türk­men kär­deş­le­ri bi­len anyk ne­ti­je­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry bo­ýun­ça pi­kir alyş­mak üçin oňyn müm­kin­çi­lik aç­jak­dy­gy­na ynam bil­di­ril­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iri ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň türk­men ba­za­ryn­da üs­tün­lik­li iş­le­ýän­dik­le­ri, iri tas­la­ma­la­ryň, şol san­da gaz we hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne iş­jeň gat­naş­ýan­dyk­la­ry bel­le­nil­di. Şun­da mun­dan beý­läk-de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk, tä­ze ugur­la­ra çyk­mak üçin uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy nyg­tal­dy. Mu­nuň özi Türk­me­nis­tan­da yk­dy­sa­dy, se­na­gat ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­lar, şeý­le hem işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mek üçin dö­re­di­len müm­kin­çi­lik­ler bi­len şert­len­di­ri­len­dir.
Hi­mi­ýa se­na­ga­ty hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Bu pu­da­gy ös­dür­me­giň mil­li stra­te­gi­ýa­sy ýer­li çig ma­lyň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na, içer­ki we da­şar­ky ba­zar­lar­da uly is­le­ge eýe bo­lan ýo­ka­ry hil­li önüm­le­riň ön­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Şun­da in­no­wa­si­on hä­si­ýet­li en­jam­la­ryň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na, eko­lo­gi­ýa ka­da­la­ryň berk ber­jaý edil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan yl­myň we teh­ni­ka­nyň ýo­ka­ry ga­za­nan­la­ry­nyň önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­ma­gy­na uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. Şeý­le hem ma­ýa go­ýum işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar.
«Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni bi­len «Dae­woo En­gi­nee­ring & Const­ructi­on Co., Ltd» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da bu ugur­da ýo­la goý­lan ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn my­sa­ly hök­mün­de gör­ke­zil­di. Türk­me­nis­ta­nyň hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek, hu­su­san-da, fos­for, am­mi­ak hem-de kar­ba­mid dö­kün­le­ri­ni ön­dür­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry düz­mek we ola­ry gur­mak bo­ýun­ça ko­reý hyz­mat­daş­la­ry­nyň tek­lip­le­ri­ne ga­ra­ma­ga taý­ýar­dy­gy bel­le­nil­di. Ýaý­baň­lan­dy­ry­lan düýp­li öz­gert­me­le­ri na­za­ra al­mak bi­len, ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň «akyl­ly» şä­her­le­ri gur­mak hem-de ola­ry do­lan­dyr­mak, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak bo­ýun­ça top­lan öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­si, gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri ul­ga­myn­da ga­za­nan­la­ry bi­ziň ýur­du­myz­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Mun­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­tan ne­bit­gaz pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga taý­ýar­dyr.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedow we «Dae­woo En­gi­nee­ring & Const­ructi­on Co., Ltd» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy we onuň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Jong Won-ju iki­ta­rap­la­ýyn öza­ra bäh­bit­li işe­wür hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­de-de uzak möh­let­le­ýin esas­da üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.