Maglumatlara görä, global ýel beketlerinden alynýan energiýanyň möçberi geçen ýyl 78 gigawat artyp, jemi 906 gigawata ýetdi. Üstümizdäki ýylda bu görkezijiniň has-da artyp, 1 terawata ýetmegine garaşylýar. Global ýel energiýa geňeşiniň (GWEC) maglumatlaryna görä, 45 ýyl ozal Daniýada synag maksady bilen başlanan önümçilik häzirki wagtda global energiýa önümçiliginde uly paýa eýe. Geçen ýyl ýel energiýasynyň önümçiligi 9 göterim artypdyr. Bu ösüşiň dowam edip, 2023-2027-nji ýyllar aralygynda jemi 680 gigawat artmagyna garaşylýar. Howanyň üýtgemeginiň öňüni almak üçin alnyp barylýan hem-de energiýa howpsuzlygyny artdyrmak maksady bilen iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçiliginiň artmagynda Hytaý has köp maýa goýum özleşdirýär.
Allaýar ORAZOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









