2-nji iýunda BRIKS-iň daşary işler ministrleriniň maslahaty Günorta Afrika Respublikasynyň paýtagty Keýptaun şäherinde başlandy.
-Şu günki maslahatda global dolandyryş ulgamlaryny güýçlendirmek we özgertmek maksady bilen mümkinçiliklere ünsümizi jemläris we global derejede ykdysady durnukly dikeldiş üçin çözgütlere garaşarys – diýip, Günorta Afrika Respublikasynyň halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri Naledi Pandor aýtdy.
-Bu ýyl BRIKS-iň sammiti Ýohannesburgda geçiriler – diýip, sammitiň mowzugynyň “BRIKS we Afrika: özara çaltlaşdyrylan ösüş üçin hyzmatdaşlyk, durnukly ösüş we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk” boljakdygyny aýtdy.
BRIЛS, Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika ýaly ýurtlarynyň toparydyr. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda BRIЛS-iň başlyklygy Hytaýdan Günorta Afrika geçdi.
BRIKS-iň 15-nji sammiti şu ýylyň 22-24-nji awgust aralygynda geçiriler.