31-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda syýasy we ykdysady ugurlarda, energetika we ekologiýa howpsuzlygy, parlament diplomatiýasyny ösdürmek we ynsanperwerlik meselelerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy, Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde ÝHHG bilen uzak möhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygyň aýratyn orny eýeleýändigini belledi. Şol bir wagtyň özünde, guramanyň işiniň syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik ölçeglerindäki maksatlary we wezipeleri, Türkmenistanda we Merkezi Aziýa sebitinde durmuşa geçirilýän taslamalary we maksatnamalary kesgitlemekde Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlardyr.
Soňky wagtlarda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda energetika we ekologiýa howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigi kanagatlanma bilen bellendi.
Terrorçylyga, serhetaşa jenaýatçylyga, neşe gaçakçylygy, adam söwdasyna, zorlukly ekstremizme we radikalizasiýa howpuna garşy göreşmekde ÝHHG bilen syýasy ölçegde gazanylan netijeli hyzmatdaşlyk bellendi. Şol bir wagtyň özünde, kiberhowpsuzlyk pudagynda bilelikdäki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek geljegi uly ugur hökmünde görkezilýär.
Diplomatlar soňky ýyllarda Türkmenistanyň Parlament Assambleýasy, Milli azlyklar boýunça Ýokary komissaryň edarasy, Demokratik edaralar we adam hukuklary boýunça býurosy we Habar beriş serişdeleriniň azatlygy boýunça wekili ýaly ÝHHG-niň guramalary bilen gatnaşyklarynyň örän işjeňleşdirilendigi barada ylalaşdylar.
Halkara we sebit syýasaty, sebitdäki howpsuzlyk we durnuklylyk meseleleri bilen bagly pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, guramanyň ýolbaşçylary sebit we halkara infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de Owganystana netijeli ynsanperwer kömegi bermek arkaly Türkmenistanyň goňşy ýurtdaky ýagdaýy çözmek we parahatçylygy dikeltmek ugrundaky tagallalaryna ünsi çekdi.
Baş sekretar, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ornuny belläp geçdi. Hususan-da, Türkmenistanyň ÝHHG-niň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly energetika we ekologiýa howpsuzlygy, durnukly ulag we suw diplomatiýasy babatdaky başlangyçlarynyň ähmiýeti görkezildi.
Söhbetdeşlikde W.Hajiýew Türkmenistanyň Hazar deňzi sebitinde “ýaşyl” portlaryň ösdürilmegini we özara baglanyşygy, sanlylaşdyrmagy, söwda amallaryny ýeňilleşdirmegi hem-de Merkezi Aziýada we Kawkazda ulag-logistika ugurlaryny goldaýandygyny aýtdy.
Şeýle hem ynsanperwer ugurda Türkmenistandaky Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilhanasynyň üsti bilen ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini dowam etdirýändigi bellenildi.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen alnyp barylýan bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Esasy Dünýä täzelikleri Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna seredildi