1-nji maý­da Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry ha­nym Hel­ga Şmid bi­len du­şu­şyk ge­çir­di. Du­şu­şyk­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň gel­je­gi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň res­mi saý­tyn­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Gep­le­şik­ler­de hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan bi­len ÝHHG-nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň mak­sat­na­ma­la­ýyn esas­da ös­dü­ril­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Soň­ky ýyl­lar­da par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ola­ryň üs­tü­ni ýe­tir­di.
Se­bi­tiň howp­suz­lyk me­se­le­le­ri hyz­mat­daş­ly­gyň gün ter­ti­bin­de aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dür­li me­se­le­ler bo­ýun­ça gu­ra­ma bi­len mun­dan beý­läk-de ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge Türk­me­nis­ta­nyň yg­rar­ly­dy­gy be­ýan edil­di.
Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, anyk ugur­lar, şol san­da ener­gi­ýa se­riş­de­le­riň dün­ýä ba­zar­la­ry­na howp­suz we yg­ty­bar­ly ibe­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek, dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösüş üçin şert­le­ri dö­ret­mek, ulag kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, suw se­riş­de­le­ri­niň oý­la­ny­şyk­ly ula­nyl­ma­gy­ny me­ýil­leş­dir­mek bo­ýun­ça mö­hüm çä­re­le­riň ze­rur­dy bel­le­nil­di.
Söh­bet­deş­li­giň ahy­ryn­da Mil­li Li­de­ri­miz gel­jek­de se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we ösü­şi üp­jün et­mek mak­sa­dyn­da ÝHHG bi­len ýo­la goý­lan ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny aý­dyp, ha­nym Hel­ga Şmi­de berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk hem-de jo­gap­kär­li işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.