2-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy. Wise-premýer oba hojalyk işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza netijeli zähmet çekmäge döredilen şertler üçin hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz habary kanagatlanma bilen kabul edip, ýurdumyzyň ussat ýüpekçileriniň yhlasly zähmeti netijesinde, Watan harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyrylandygyny aýtdy. Biz ýüpekçiligi ösdürmek üçin köp işleri ýerine ýetirýäris. Geljekde-de bu pudaga uly üns bereris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär
Şeýle hem wise-premýer daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, Aralýaka sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda tokaý-gorag zolaklaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu sebitlerde tokaý zolaklarynyň dörediljek ýerlerini we ekiljek bag nahallarynyň görnüşlerini kesgitlemek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada aýtmak bilen, wise-premýer Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi. Meýilnama laýyklykda, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça gazanylan üstünlikler we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk” atly utgaşykly görnüşdäki ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň degişli düzümleriniň wekilleri gatnaşarlar. Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Merkezi Aziýada suw desgalarynyň durnukly ösüşi üçin suw serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça meselelere bagyşlanan forumy geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň wekilleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklaryna garaşylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň üpjün edilmegi babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.