2-nji iýun­da ýur­du­myz­da gal­la ora­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 26-njy maý­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de mö­hüm oba ho­ja­lyk möw­sü­mi­ne baş­la­ma­ga ak pa­ta be­rip, daý­han­la­ra ýur­du­my­zyň gal­la meý­dan­la­ryn­da tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ar­zuw et­di. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, Ahal, Le­bap, Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň gal­la­çy­la­ry gal­la ora­gy­na gi­riş­di­ler. 9-njy iýun­dan bol­sa bu asyl­ly işe Bal­kan we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­nyň eke­ran­çy­la­ry hem gi­ri­şer­ler.
Asyl­ly dä­be gö­rä, ýer­ler­de il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi we hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy üçin Be­ýik Bi­ri­bar­dan di­leg edip, “Çä­ji­ňe be­re­ket!” söz­le­ri bi­len il­kin­ji bug­daý des­se­le­ri­ni orup, kom­baýn­çy­la­ryň işe gi­riş­mek­le­ri­ne ak pa­ta ber­di­ler.
Bu ýyl türk­men gal­la­çy­la­ry­na bö­lü­nip ber­len 690 müň gek­tar ýer­den bug­daý ha­sy­ly­nyň 1 mil­li­on 400 müň ton­na­sy­ny, şol san­da Ahal we­la­ýa­tyn­da 400 müň ton­na, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 345 müň ton­na, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 310 müň ton­na, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 265 müň ton­na, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da hem 80 müň ton­na ha­syl al­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Oba ho­ja­lyk ýer­le­ri­niň esa­sy bö­le­gi­ne bug­da­ýyň ýo­ka­ry ha­syl­ly “Säh­ra­ýy”, “Ýo­lö­ten — 3”, “Ju­wan”, “Ýo­lö­ten — 1”, “Mi­ras”, “Ber­ka­rar”, “Ga­raş­syz­lyk” we “Bi­ta­rap” gör­nüş­le­ri ekil­di. Gal­la ora­gy möw­sü­min­de ula­nyl­jak bug­daý ýy­gy­jy kom­baýn­lar, ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­lar gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da iki çal­şyk­da iş­le­di­lip, ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len bol ha­sy­ly çalt we ýit­gi­siz ýyg­na­mak işin­de daý­han­la­ra ýar­dam be­rer­ler.
Şeý­le hem gal­la ora­gy möw­sü­min­de göç­me me­ha­ni­ki-abat­la­ýyş to­par­la­ry­nyň ýüz­ler­çe­si gi­je-gün­diz­de gal­la oru­jy­la­ryň teh­ni­ka­la­ry üçin ze­rur bo­lan ýan­gyç, çal­gy ýag­la­ry, äti­ýaç­lyk şaý­la­ry we hyz­mat­lar bi­len üp­jün eder­ler. Gal­la ora­gy­na gat­na­şy­jy me­ha­ni­za­tor­lar, sü­rü­ji­ler, beý­le­ki iş­gär­ler üçin meý­dan dü­şel­ge­le­rin­de ze­rur bo­lan dur­muş şert­le­ri üp­jün edi­lip, bu ýer­ler­de sun­gat us­sat­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry we göç­me söw­da no­kat­la­ry hem gu­ra­lar. Bug­daý ha­sy­ly­ny ka­bul ediş no­kat­la­ry­na, am­mar­la­ra, ele­wa­tor­la­ra da­şa­mak işi­ni ýük ulag­la­ry üp­jün eder­ler. Gal­la ora­gy möw­sü­mi üçin bar­lag­ha­na­lar taý­ýar­la­ny­lyp, olar­da “Türk­mens­tan­dart­la­ry” baş döw­let gul­lu­gy­nyň hü­när­men­le­ri ge­lip go­wuş­ýan gal­la­nyň hi­li­ni anyk­lar­lar.
Gal­la ora­gy­nyň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň, we­la­ýat we et­rap hä­kim­lik­le­ri­niň, “Türk­mens­tan­dart­la­ry” baş döw­let gul­lu­gy­nyň, “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň we­kil­le­ri­niň, daý­han bir­le­şik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, tej­ri­be­li ag­ro­nom­la­ryň, me­ha­ni­za­tor­la­ryň, gal­la­çy kä­ren­de­çi­le­riň we il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň gat­naş­mak­la­ryn­da we­la­ýat­lar­da önüm­çi­lik-okuw mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­di.
Şeý­le-de da­ba­ra­lar­da dür­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni, çö­rek önüm­le­ri­ni we döw­re­bap oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän ser­gi­ler gu­ral­dy. We­la­ýat­la­ryň aý­dym-saz we tans to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.