Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde milli bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta mekdepler gurlup, milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn, hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar.
Ýaş nesilleriň çuňňur bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasaty «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda alnyp barylýar. Häzirki wagtda maksatnamada bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bilim ynsan üçin bahasyz baýlyk, ruhy hazynadyr. «Bilimli il – ozar», «Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat» diýen ata-babalarymyzdan galan aýtgylar halkymyzyň durmuş şygaryna öwrüldi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda dürli düzümlerde gulluk edýän harby gullukçylaryň hünär taýdan kämilleşmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa Watan goragçylarynyň, şol sanda harby talyplaryň özleriniň saýlap alan hünärlerinde täze belentliklere çykmaga çalyşýanlarynyň sanynyň barha artmagyna getirýär.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda harby ylym-bilim ulgamy hem kämilleşdirilýär. Harby gullukçylarymyzyň ýokary hilli bilim almaklary üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertler döredilýär.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerinde Ýaş alymlar merkezleriniň, Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde bolsa Innowasion tehnologiýalar we bilim merkezleriniň hereket etmegi harby ylym-bilimiň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr. Harby gullukçylarymyz ylmyň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ýylyň-ýylyna Ýaş alymlaryň bäsleşiginde, taslama ýaryşlarynda, dürli döredijilik, zehin we ders bäsleşiklerinde uly üstünlikleri gazanýarlar. Harby gullukçylarymyz ylymlar dünýäsinde kemsiz taplanyp, Watanymyzyň we dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan türkmen halkynyň beýik ogullarynyň gahrymançylykly ýollaryny, söweş tärlerini we harby sungatyny mynasyp dowam etdirýärler. Häzirki zaman harby tehnikalaryna we enjamlaryna erk etmek başarnygyny kämil derejede ele alýarlar. Olar döwletimiziň berk goraglylygyny üpjün edip, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, eziz Watanymyza wepadarlygyň belent nusgasyny görkezmek bilen, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşine saldamly goşant goşýarlar.
Ýurdumyzda ýaşlar hakdaky alada döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilmegi, ýaşlaryň bagtyýarlygy ugrunda edilýän aladanyň alamatydyr.
Häzirki wagtda ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda zerur şertleriň döredilmegi ýörite kanunlarda we maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýen kada ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ýaşlar baradaky aladanyň möhüm häsiýetini alamatlandyrýar. Şeýle hem milli kanunçylyk ulgamynda ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän Türkmenistanyň Maşgala, Zähmet kodeksleriniň, «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir.
Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, olaryň öňdebaryjy tehnologiýalara kämil erk edip bilmegi babatda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan ýaşlarymyz bilimiň dürli ugurlary boýunça geçirilýän halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýärler. Ýaşlar baradaky öňdengörüjilikli döwlet syýasaty, kanunçylyk taýdan üpjün edilen maksatnamalar hemmetaraplaýyn kämil jemgyýetiň kemala getirilmegine, ýaş nesliň berk bedenli, ruhy taýdan kämil, ýokary aň-düşünjeli terbiýelenmegine gönükdirilmek bilen, «Bilimli nesil – kuwwatly Watan» ýörelgesinden ugur alýandyr.
Arkadagly Serdarymyz ýaşlara eziz Watanymyzyň at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýän gurujylar hökmünde uly ynam bildirýär. Türkmen ýaşlarynyň baş maksady bolsa okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bolup, Arkadagly Serdarymyzyň özlerine bildirýän beýik ynamyny ödemekden ybaratdyr.
Tylla AMANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy.