Eýranyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna goşulmak boýunça işleri öňdäki iýul aýynda tamamlanar. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hoseýn Amir Abdollahiýan habar berdi.
Ministriň öz ýurdunyň guramanyň iýulda geçjek nobatdaky sammitinde doly hukukly agzasy boljakdygy barada sözüni “Tasnim” habarlar gullugy getirýär.
Geçen ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Samarkantda ŞHG-iň sammiti geçdi we oňa Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi gatnaşdy. EYR bileleşigiň agza ýurdy derejesini almak üçin borçnamalar boýunça ähtnama gol çekdi.
Nobatdaky sammit 4-nji iýulda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň başlyklyk etmeginde wirtual görnüşde geçer. Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatyna görä, sammite agza ýurtlaryň ählisi gatnaşarlar. Eýran, Belarus we Mongoliýa synçy, Türkmenistan myhman hökmünde çagyryldy.
Alty ýurduň – Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny döretmek barada jarnama 2001-nji ýylyň iýunynda Şanhaýda gol çekildi. Häzirki wagtda gurama Hindistan we Pakistan hem girýär. Synçy-döwletler Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa, dialog boýunça hyzmatdaşlar – Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka bolup durýar.