Argentinaly professor, hanym Selesta Saulo Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (BMG) Baş sekretary wezipesine bellendi. Ol bu wezipäni eýelän ilkinji zenandyr. Bu barada BMG-niň Habarlar merkezi habar berýär.
2014-nji ýyldan bäri Argentinanyň Milli meteorologiýa gullugynyň müdiri wezipesini eýeleýän hanym Saulo häzirki wagtda BMG-niň birinji wise-prezidentidir. Ol 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda wezipesine girişer we bu wezipede iki möhlet işlän professor Petteri Taalasyň ýerine geçer.
Saulo dört ýyldan bir gezek guralýan BMG-niň ýokary direktiw organy bolan Bütindünýä Meteorologiýa Kongressiniň wekilleriniň sesleriniň üçden iki bölegini alandan soň bellendi.
Professor Saulo Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy bilen uzak wagtdan bäri hyzmatdaşlyk edýär. 2015-nji ýylyň iýun aýynda ol bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy saýlandy. 2018-nji ýylyň aprel aýynda guramanyň wise-prezidenti, 2019-njy ýylyň iýun aýynda birinji wise-prezidenti saýlanyp, bu wezipäni eýelän ilkinji aýal boldy. Ondan öň Saulo Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň dürli ylmy hünärmen toparlarynyň agzasy boldy. Saulo 60-dan gowrak ylmy makalalaryň we kitaplaryň awtory ýa-da awtordaşydyr.