Parižiň Ýeliseý meýdanynda guralan diktant ýazylyşygy dünýäniň iň köp adam ýygnanan çäresi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Üç tapgyrda geçirilen bu diktant ýazylyşyga 5 müňden gowrak adam gatnaşdy diýip, “BFM TV” teleýaýlymy habar berdi. Ýygnananlar fransuz ýazyjysy Alfons Dodeniň “Meniň harazymdan iberilen hatlar” atly eseriniň bir böleginden diktant ýazdylar. Waka bilen baglylykda, uzakly gün bu ýerde awtoulag hereketi togtadyldy.