7-nji iýun­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Atom ener­gi­ýa­sy bo­ýun­ça hal­ka­ra agent­li­gi­niň (IAEA) Türk­me­nis­tan üçin Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça mej­lis ge­çi­ril­di, oňa mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry hem-de IAEA-nyň ýol­baş­çy we­kil­le­ri gat­naş­dy.
Iş du­şu­şy­gy­nyň do­wa­myn­da Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry M.Bä­şi­mo­wa Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň de­giş­li mil­li we köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­lar­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýan dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ös­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şol bir wag­tyň özün­de, BMGÖM, ÝU­NI­SEF, UNF­PA we beý­le­ki hal­ka­ra gur­luş­lar bi­len üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Ýurt bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ry­ny iş­läp düz­mek­de we dur­mu­şa ge­çir­mek­de oňyn tej­ri­be­si bel­le­nil­di.
Gat­na­şan­lar Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça mas­la­hat­laş­ma­la­ryň çä­gin­de bu mak­sat­na­ma­nyň des­lap­ky tas­la­ma­sy­nyň iş­le­nip dü­zül­me­gin­de «Türk­me­nis­ta­ny 2022-2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» we «Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2022-2028-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­syn­da» kes­git­le­nen luk­man­çy­lyk, suw gor­la­ry­ny tyg­şyt­ly do­lan­dyr­mak, azyk howp­suz­ly­gy, oba ho­ja­ly­gy, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, ra­dia­si­ýa ma­te­ri­al­la­ry­ny we en­jam­la­ry­ny howp­suz do­lan­dyr­mak ýa­ly öz içi­ne al­ýan ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ra we bu ugur­la­ryň hu­kuk bin­ýa­dy­ny hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ri­len­di­gi­ni mä­lim et­di­ler
Şu nuk­daý­na­zar­dan, mej­li­siň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan bi­len IAEA-nyň ýa­kyn ýyl­lar­da Ýurt mak­sat­na­ma­sy­nyň des­lap­ky tas­la­ma­syn­da gör­ke­zi­len hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry jik­me-jik ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Mu­nuň bi­len bir­lik­de, ta­rap­lar Türk­me­nis­ta­nyň äh­li de­giş­li mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak, anyk mak­sat­la­ry we we­zi­pe­le­ri kes­git­le­mek, şeý­le hem türk­men ta­ra­pyn­dan ut­gaş­dy­ry­jy bel­le­mek işi­ne iş­jeň gat­naş­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.
Ýurt üçin Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­sy, ag­za döw­let­de bel­li bir dö­wür­de tek­lip edil­ýän teh­ni­ki hyz­mat­daş­ly­gyň me­ýil­na­ma­sy­ny stra­te­gi­ki taý­dan me­ýil­leş­dir­mek üçin ag­za döw­le­tiň we IAEA-nyň ara­syn­da yla­la­şy­lan gu­ral­dyr. Ag­za döw­let­ler Ýurt üçin Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­la­ryň iş­le­nip dü­zül­me­gi­ne jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär­ler we ola­ryň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýär­ler, IAEA bol­sa Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­la­ryň iş­le­nip dü­zül­me­gin­de üçin ze­rur bo­lan ma­te­ri­al­lar we ýar­dam­lar bi­len üp­jün ed­ýär­ler.