7-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, degişli edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew çy­kyş et­di. Ol Ýa­rag­ly Güýç­ler­dä­ki iş­le­riň ýag­da­ýy, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň şu eda­ra­nyň öňün­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li çöz­mek bo­ýun­ça ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ama­la aşy­ry­lan çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le-de, Mil­li go­şu­ny döw­re­bap teh­ni­ki se­riş­de­ler bi­len üp­jün et­mek, ýaş es­ger­le­ri wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Ha­sa­ba­tyň do­wa­myn­da har­by gul­luk­çy­la­ry Ýa­rag­ly Güýç­ler­den bo­şat­mak we Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­ny har­by gul­lu­ga ça­gyr­mak ba­ra­da-da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­ti­mi­ziň di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na­sy­nyň düz­gün­le­ri­niň ta­kyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun­la­ryň äh­li ky­sym­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­ny gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­läp, har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, es­ger­le­riň we ser­ker­de­le­riň ne­ti­je­li gul­luk et­me­gi, ka­da­ly dur­mu­şy üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek üçin iş­le­ri yzy­gi­der­li do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Ýa­rag­ly Güýç­le­ri ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak ba­ra­da gör­kez­me be­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz wa­tan­çy­lyk, eziz Wa­ta­ny­my­za we­pa­ly­lyk ru­hun­da ýaş es­ger­le­riň we har­by ta­lyp­la­ryň ara­syn­da çä­re­le­riň gu­ral­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýe­we bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Baş pro­ku­ror S.Mä­lik­gu­ly­ýew he­re­ket ed­ýän ka­nun­çy­ly­gyň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça 2023-nji ýy­lyň bäş aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň Ýaragly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da aý­dyl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­nu­nyň hök­mü­ro­wan­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge, ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny, azat­lyk­la­ry­ny, jem­gy­ýe­tiň hem-de döw­le­tiň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len çä­re­le­ri gör­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy we Baş pro­ku­ra­tu­ra­nyň ýol­baş­çy­sy­na anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row ýol­baş­çy­lyk ed­ýän eda­ra­la­ry­nyň şu ýy­lyň ýan­war-maý aýyn­da alyp ba­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, hu­kuk ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek we paý­tag­ty­my­zyň, we­la­ýat­la­ryň aw­to­mo­bil ýol­la­ryn­da ulag­la­ryň gat­naw­la­ry­ny ka­da­laş­dyr­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şun­da ýan­gyn howp­suz­ly­gy­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän ýö­ri­te mü­dir­lik ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da hem aý­dyl­dy.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Belent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­nu­ny­ly­gy üp­jün et­mek we düz­gün bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça de­giş­li çä­re­le­ri gör­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň öňün­de dur­ýan gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek üçin ne­ti­je­li usul­la­ry we döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ma­gyň ze­rur­dy­gy bel­le­nil­di. Ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­ma­ga berk gö­zeg­çi­lik et­mek içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň işi­niň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. To­mus möw­sü­mi­niň gel­me­gi bi­len, äh­li ýer­ler­de ýan­gy­nyň dö­re­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek ka­da­la­ry­nyň berk ber­jaý edil­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­ler üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ma­ly­dyr di­ýip, hormatly Prezidentimiz nyg­ta­dy.
Soň­ra içe­ri iş­ler mi­nist­ri tem­mä­ki önüm­le­ri­niň, şol san­da suw çi­li­mi­niň we elekt­ron çi­lim­le­riň ýur­du­my­za bi­ka­nun ge­ti­ril­me­gi­ne hem-de ula­nyl­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lar bi­len bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let ser­he­din­dä­ki gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş no­kat­la­ryn­da gu­ra­lan çä­re­le­riň ne­ti­je­le­ri, döw­le­ti­mi­ziň çä­gi­ne bi­ka­nun ýol­lar bi­len ge­ti­ri­len we ele sal­nan önüm­ler ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar be­ýan edil­di. Ha­bar ber­li­şi ýa­ly, hu­kuk bo­zul­ma­la­ry­ny eden ra­ýat­la­ra mil­li ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da de­giş­li çä­re­ler gö­rül­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Belent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, tem­mä­ki önüm­le­ri­niň, suw çi­li­mi­niň gu­ra­ly­nyň we şi­re­si­niň, elekt­ron çi­li­miň bi­ka­nun ýol­lar bi­len ýur­du­my­za ge­ti­ril­me­gi­ne, ola­ryň bi­ka­nun söw­da­sy­na we ula­nyl­ma­gy­na gar­şy bar­ly­şyk­syz gö­reş alyp bar­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di.
Tem­mä­ki önüm­le­ri­niň bi­ka­nun söw­da­sy­nyň do­ly ara­dan aý­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len we bu önüm­le­riň ýur­du­my­zyň çä­gi­ne ge­ti­ril­me­gi­ne berk gö­zeg­çi­li­gi, öňü­ni alyş-hu­kuk çä­re­le­ri­ni göz öňün­de tut­ýan işi güýç­len­dir­mek ze­rur­dyr di­ýip, hormatly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedow aýt­dy we bu se­riş­de­le­riň bi­ka­nun ýaý­ra­dyl­ma­gy­nyň, ula­nyl­ma­gy­nyň, ýur­du­my­zyň çä­gi­ne ge­ti­ril­me­gi­niň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ugur­daş har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lar bi­len bi­le­lik­de ze­rur iş­le­ri do­wam et­dir­me­gi mi­nist­re tab­şyr­dy.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy B.Ho­jam­gu­ly­ýew ha­sa­bat döw­rün­de ka­zy­ýet ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len top­lum­la­ýyn iş­ler, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak we ola­ry gün­de­lik iş­de ulan­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, bu eda­ra­nyň işi­ni umu­my yk­rar edi­len hal­ka­ra stan­dart­la­ra hem-de hä­zir­ki döw­rüň ýo­ka­ry ta­lap­la­ry­na la­ýyk gu­ra­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le-de, ka­zy­ýet ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da bel­le­nen we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek, ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri gör­mek, iş­gär­le­riň işi we ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin göw­ne­jaý şert­le­ri dö­ret­mek ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­lar be­ril­di.
Soň­ra mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri N.Ata­ga­ra­ýew ýur­du­myz­da ka­da­ly jem­gy­ýet­çi­lik ýag­da­ýy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le-de, bu eda­ra­nyň dü­züm­le­rin­de işiň döw­re­bap usul­la­ry­nyň we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ula­ny­ly­şy ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, pa­ra­hat dur­mu­şy üp­jün et­me­giň eziz Wa­ta­ny­my­zyň dur­nuk­ly ös­me­gi­niň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ga­za­nyl­ýan uly üs­tün­lik­ler we ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler döw­le­ti­miz­de howp­suz­lyk bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de Mil­li howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­niň üs­tü­ne ýük­le­nen we­zi­pe­le­riň, iş­gär­le­riň jo­gap­kär­çi­li­gi­niň örän ulu­dy­gy­na ün­si çe­kip, mi­nistr­li­giň ýol­baş­çy­sy­na bu ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­dä­ki iş­le­riň ýag­da­ýy, şu ýy­lyň bäş aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, Wa­ta­ny­my­zyň ser­het­le­ri­ni go­ra­mak bo­ýun­ça gör­len top­lum­la­ýyn çä­re­ler, şeý­le hem bu eda­ra­ny ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Belent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, ser­het go­şun­la­ry­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň üs­tü­ne Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des ser­het­le­ri­ni go­ra­mak ýa­ly jo­gap­kär­li we­zi­pä­niň ýük­le­nen­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ser­het­le­ri­miz goň­şy ýurt­la­ryň äh­li­si bi­len he­mi­şe dost­lu­gyň ser­het­le­ri bol­ma­gyn­da gal­ma­ly­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu gul­lu­gyň işi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na ün­si çe­kip, Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň ýol­baş­çy­sy­na mun­dan beý­läk-de ser­het ga­la­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň ne­ti­je­li gul­luk et­me­gi üçin göw­ne­jaý şert­le­ri dö­ret­mek ba­bat­da de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.
Ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now ha­sa­bat döw­rün­de mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek ba­bat­da gör­len çä­re­ler, de­giş­li ösüş Mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýa­rag­ly Güýç­le­riň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, he­re­ket ed­ýän ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­ny sel­jer­me­giň hem-de hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­me­giň esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Ila­tyň hu­kuk so­wat­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ka­bul edil­ýän ka­nun­la­ryň ma­ny-maz­mu­ny­ny dü­şün­dir­mek, işiň tä­ze usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di.
Soň­ra Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri­niň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le-de, bu eda­ra­nyň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri ne­ti­je­li çöz­mek üçin döw­re­bap teh­ni­ki se­riş­de­ler bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň mö­hüm çat­ry­gy hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­myn­da­ky geost­ra­te­gik or­nu­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Işiň möç­be­ri­niň art­ma­gy gul­lu­gyň iş­gär­le­ri­niň üs­tü­ne ýük­le­nen we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­gi­ni ta­lap ed­ýär di­ýip, döw­let Baştutanymyz aýt­dy we güm­rük ser­he­di ar­ka­ly ha­ryt­la­ryň da­şal­ma­gy­nyň we ulag se­riş­de­le­ri­niň gat­naw­la­ry­nyň ter­ti­bi­niň ber­jaý edi­li­şi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy hem-de iş­de san­ly ul­ga­my giň­den ulan­ma­gy tab­şyr­dy.
Mej­li­siň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýçleriniň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy, we­zi­pe borç­la­ry­ny ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­tir­män, iş­de goý­be­ren kem­çi­lik­le­ri üçin, Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýe­we berk kä­ýinç yg­lan et­di.
Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy B.Wol­sa­ha­tow ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­min­dä­ki iş­le­riň ýag­da­ýy, ga­ral­ýan dö­wür­de bu eda­ra­ny ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek, onuň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry or­naş­dyr­mak, şol san­da san­ly ul­ga­my we oňyn tej­ri­bä­ni ne­ti­je­li ulan­mak me­se­le­le­ri­ne top­lum­la­ýyn esas­da çe­me­leş­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Bu dü­zü­miň öňün­de dur­ýan gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­ler eda­ra­nyň şah­sy dü­zü­mi­niň üs­tü­ne aý­ra­tyn jo­gap­kär­çi­li­gi ýük­le­ýär di­ýip, hormatly Prezidentimiz aýt­dy we iş­gär­le­ri taý­ýar­la­ma­gy, mig­ra­si­ýa çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek üçin hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk gel­ýän şert­le­ri dö­ret­me­gi ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­kez­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, Ga­raş­syz, ba­ky Bitarap Wa­ta­ny­my­zyň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na yg­rar­ly­dy­gy­ny hem-de dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry we halk­la­ry bi­len dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny sak­la­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu ýö­rel­ge­ler­den ugur al­mak bi­len, ýur­du­my­zyň Har­by dokt­ri­na­sy di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe­dir. Bu res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň dü­züm­le­ri mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­di­ri­ler, döw­le­ti­mi­ziň go­ra­nyş uky­by ber­ki­di­ler, har­by gul­luk­çy­la­ryň, ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş, gul­luk şert­le­ri go­wu­lan­dy­ry­lar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.