6-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gatnaşdylar.

Iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ryň ha­sa­bat­la­ry diň­le­nil­di we bu ugur­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Serdar Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow hem-de ýur­du­my­zyň we­kil­çi­lik­li to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry Ýew­ro­pa­nyň bir­nä­çe ýurt­la­ryn­da, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da we Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da iş sa­pa­ryn­da bo­lup, Ar­ka­dag şä­he­rin­de gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň, aý­ra­tyn-da, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na de­giş­li kär­ha­na­la­ryň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça tej­ri­be alyş­dy­lar we bu ugur­da dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­si­ni iç­gin öw­ren­di­ler.
D.Ora­zow ha­sa­ba­tyň çäk­le­rin­de da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ge­ňeş­me­le­riň ge­çi­ri­len­di­gi, ola­ryň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň çä­gin­de bar bo­lan çig mal­la­ryň eko­lo­gik we ýa­ram­ly­lyk de­re­je­si, ýo­ka­ry eko­lo­gik ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýän çeş­me suw­la­ry­ny önüm­çi­lik mak­sa­dy bi­len ulan­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da pi­kir alyş­ma­la­ryň ge­çi­ri­len­di­gi ba­ra­da aýt­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ryn­da iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýan po­lip­ro­pi­len önüm­le­ri­niň hil we eko­lo­gik de­re­je­si­niň dün­ýä­de ýo­ka­ry ba­ha my­na­syp bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ýa­kym­ly. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň po­lip­ro­pi­len we po­lie­ti­len önüm­le­rin­den taý­ýar­la­nan, luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­da yzy­gi­der­li ula­nyl­ýan san­jym en­jam­la­ry­ny peý­da­lan­ma­gyň ägirt uly gel­je­gi­niň bar­dy­gy bel­le­nil­di.
Ýur­du­myz­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň hü­när­men­le­ri sa­par­da bo­lup, bu ýer­de türk­men kär­deş­le­ri bi­len tej­ri­be alyş­dy­lar we bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Bu sa­par bi­ziň ýur­du­myz üçin äh­mi­ýet­li wa­ka bol­dy. Türk­me­nis­tan­da bar bo­lan çig mal­dan luk­man­çy­lyk­da giň­den peý­da­la­nyl­ýan der­man se­riş­de­le­ri­ni, dür­li er­gin­le­ri ön­dür­me­giň müm­kin­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň gö­zel kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­na edi­len­di­gi­ni, bu ýer­le­riň ho­wa gur­şa­wy­nyň ýa­kym­ly­dy­gy­ny, şol bir wag­tyň özün­de, aras­sa dag çeş­me­le­ri­niň yn­san sag­ly­gy üçin ýa­ram­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Bu ýer­ler­de ös­ýän te­bi­gy ösüm­lik­le­riň der­man­lyk hä­si­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, hormatly Arkadagymyz bu ugur­da yl­my iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ma­ly­dy­gy­ny, şun­da da­şa­ry ýurt­la­ryň ösen tej­ri­be­si­niň iş­jeň ula­nyl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.
Ar­ka­dag şä­he­ri­niň «Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň se­bi­tin­de dur­nuk­ly, «ýa­şyl», ho­wa üçin oňaý­ly we in­no­wa­si­on çöz­güt­li şä­her­le­ri ös­dür­mek» tas­la­ma­sy­na go­şul­ma­gy, şeý­le-de de­giş­li gü­wä­na­ma­nyň gow­şu­ryl­ma­gy bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri sö­zü­ni do­wam et­di. Ar­ka­dag şä­he­rin­de dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­si­niň, hä­zir­ki za­ma­nyň tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy­na ze­rur üns be­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ugur­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň yzy­gi­der­li we üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň esa­syn­da iň döw­re­bap «akyl­ly» şä­he­riň peý­da bo­lan­dy­gy­ny aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň çä­gin­de ýo­lag­çy­la­ra hyz­mat et­mek üçin hä­zir­ki za­man elekt­ro­bus­la­ry­nyň we elekt­ro­mo­bil tak­si­le­ri­niň he­re­ke­te gi­ri­zil­me­gi «akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň çäk­le­rin­de al­nyp bar­lan iş­le­riň aý­dyň ne­ti­je­si­dir.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry N.Aman­ne­pe­sow hä­zir­ki dö­wür­de Gahryman Arkadagymyzyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly düýp­li yl­my işin­de gör­ke­zi­len ösüm­lik­ler, ola­ry gaý­ta­dan iş­le­me­giň ugur­la­ry we ýur­du­myz­da der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň yl­my esas­da öw­re­nil­ýän­di­gi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ta­gal­la­sy bi­len iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň çä­gin­de bar bo­lan der­man­lyk ösüm­lik­le­riň eko­lo­gik de­re­je­si, ola­ryň der­man­lyk hä­si­ýet­le­ri yl­my esas­da öw­re­nil­ýär. Bu bol­sa ýer­li çig mal­lar­dan sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ze­rur bo­lan der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, türk­men luk­man­la­ry­nyň we bu ugur bo­ýun­ça iş alyp bar­ýan alym­la­ryň de­giş­li yl­my-sel­je­riş iş­le­ri­ni ge­çir­mek­le­ri­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Al­nyp ba­ryl­ýan yl­my-sel­je­riş iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça der­man­lyk se­riş­de­le­ri­ni we luk­man­çy­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şi­giň ge­çi­ril­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler iç­gin öw­re­nil­me­li­dir.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, aý­ra­tyn-da, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy bi­len ýo­la go­ýul­ýan gat­na­şyk­lar iş­jeň ös­dü­ril­me­li­dir. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň luk­man­la­ry­nyň we de­giş­li hü­när­men­le­ri­niň dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­si bi­len ta­nyş­mak­la­ryn­da, hä­zir­ki za­ma­nyň tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny öz­leş­dir­mek­le­rin­de äh­mi­ýet­li­dir.
Mil­li Li­de­ri­miz şu gün­ki iş mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bin­dä­ki me­se­le­le­re ýe­ne bir ge­zek ün­si çe­kip, gel­jek­de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ikin­ji tap­gy­ryn­da se­na­gat mak­sat­ly des­ga­la­ry gur­mak we olar­da ýo­ka­ry de­re­je­li önüm­çi­li­gi ýo­la goý­mak bi­len bag­ly iş­le­ri düýp­li sel­je­rip, bu ugur­da öza­ra mas­la­hat­la­şyp, anyk çöz­güt­le­re ge­lin­me­li­di­gi­ni, her bir işe oý­la­ny­şyk­ly çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Hormatly Arkadagymyz de­giş­li iş­le­riň ge­çi­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, hal­ka­ra bäs­le­şi­giň yg­lan edil­me­gi­niň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di hem-de bu iş­le­ri he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­di.