Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Hökümetiniň baştutany bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp hem-de ýurdumyza uly wekiliýet bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu saparyň netijeli döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boljakdygyna, onuň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň bolsa özara hormat goýmak esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygyň täze usullaryny we ugurlaryny gözlemäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Wiktor Orban türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda häzirki wagtda Merkezi Aziýada möhüm orun eýeleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady.