Tür­ki­ýä­niň Pre­zi­den­ti Re­jep Ta­ýyp Er­do­gan, Res­pub­li­ka­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň tä­ze baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne Ha­fi­ze Ga­ýe Er­ka­ny bel­le­di. Bu ba­ra­da an­na gü­ni “Res­mi Ga­ze­te”-de çap edi­len ka­rar­da aý­dyl­ýar.
Mer­ke­zi ban­kyň öň­ki baş­ly­gy Şa­hap Kaw­ji­og­lu, Türk bank ka­da­laş­dy­ryş we gö­zeg­çi­lik ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne bel­len­di.
Er­kan, Tür­ki­ýä­niň Mer­ke­zi ban­ky­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýän il­kin­ji ze­nan bol­dy. Ol Prins­ton uni­wer­si­te­tin­de ma­li­ýe in­ži­ni­rin­gi bo­ýun­ça dok­tor­lyk dis­ser­ta­si­ýa­sy­ny go­ra­dy we Gar­ward we Sten­ford uni­wer­si­tet­le­rin­den goş­ma­ça ma­li­ýe bi­lim al­dy. Ol “Gold­man Sachs” ma­ýa go­ýum ban­kyn­da iş­le­di, “First Re­pub­lic” ban­ky­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň ag­za­sy­dyr.
Ha­fi­ze Gaý Er­kan ABŞ-da­ky üs­tün­lik­li işe­wür dur­mu­şy se­bäp­li “aja­ýyp türk gy­zy” hök­mün­de şöh­rat ga­zan­dy. Ol “San Francisco Bu­si­ness Ti­mes”-yň 2018-nji ýyl­da­ky bar­lag­la­ry­na gö­rä, Ame­ri­ka­nyň iň go­wy 100 ban­ky­nyň baş mü­di­ri bo­lup iş­län 40 ýa­şa ýet­me­dik ýe­ke-täk ze­nan diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Şeý­le hem Er­kan “Cra­in New York Bu­si­ness 40” sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.