ÝUNESKO-nyň baş müdiri Odre Azulaý Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarowa manasçy Sagymbaý Orozbakowyň wariantyndaky “Manas” eposynyň golýazmasyny maddy däl miras medeni mirasyň sanawyna girizilendigi barada şahadatnamany gowşurdy.
Sadyr Japarow düýn resmi sapar bilen Gyrgyz Respublikasyna gelen Odre Azulaýy kabul etdi. Duşuşykda howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleriniň öňüni almak, medeni we taryhy mirasy gorap saklamak we ösdürmek babatynda hyzmatdaşlygyň meseleleri babatda pikir alyşdylar.
2013-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komiteti “Manas, Seýtek, Semeteý” atly gyrgyz epiki trilogiýasyny adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşdy.
Eposda gyrgyz halkynyň taryhy, däp-dessurlary, edim-gylymlary, ýaşaýyş durmuşy tutuşlygyna diýen ýaly beýan edilýär. Şeýle hem bu eserde gadymy gyrgyzlaryň adam häsiýetleri, gurşap alýan dünýäniň gözelligi baradaky garaýyşlary, şeýle hem lukmançylyk, taryh, geografiýa we pelsepe baradaky bilimleri jemlenipdir. Bu eser Gyrgyzystanyň taryhyny, gelip çykyşyny we dünýägaraýşyny öwrenmek üçin ajaýyp gollanmadyr. Manas XX asyra çenli diňe dil arkaly nesillerden nesillere geçipdir. Eser 1930-njy ýyllarda rus diline terjime edilip başlansa-da, diňe 1941-nji ýylda neşir edilýär. Häzirki günlere çenli Gyrgyzystanda eseri dolulygyna ýatdan bilýän “manasçylar” bar.
Bu gyrgyz eposy Manas batyryň şeýle hem onuň ogly Semeteýiň, agtygy Seýtekiň söweş tälimleri barada gürrüň berýän üç bölekden ybarat eserdir. Rowaýata görä, hut Manas gyrgyz taýpalaryny bir millete öwrüpdir. Eposyň döredilen wagty hakynda ylmy toparlarda henize çenli çekişmeler dowam edýär; bir topar alymlar eseriň 840-njy ýyllarda peýda bolup, eposyň gutarnykly kämilleşmeginiň XV-XVIII asyrlarda bolup geçendigini çak edýärler.
Käbir çaklamalara görä, rowaýatyň esasynda Gyrgyzystanyň çäklerinde bolup geçen taryhy waka ýatyr. Manas eposyny Saýakbaý Karalaýew (1894-1971) we Sygymbaý Orozbakow (1867-1930) dagy gyrgyz rowaýatçylaryndan ýazyp gelejekki nesillere galdyrypdyrlar.