9-njy iýunda “Oguz han” köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz döwletara gatnaşyklaryň syýasy ugry barada aýdyp, halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, 2022-nji ýylyň jemleri boýunça özara haryt dolanyşygynyň ep-esli artandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda Wengriýa bilen köp derejeli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär. Ýangyç-energetika toplumy, ulag, senagat kooperasiýasy, dokma senagaty, oba hojalygy we beýleki pudaklar gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz şu gün ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine, şol sanda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Hususy ulgamyň möhüm orny nazara alnanda, işewür düzümleriň ugry boýunça hyzmatdaşlyk aýratyn ugur bolup biler. Durmuş ulgamy türkmen-wenger gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurtlarymyz bilim, ylym we medeniýet ýaly ulgamlarda üstünlikli gatnaşyk edýärler.
Döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň Wengriýa bilen netijeli köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini ýene-de bir gezek tassyklap, wenger Hökümetiniň Baştutanyna we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryna ýurdumyza saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Premýer-ministr Wiktor Orban hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çakylygy, mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzda bolup görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Belent mertebeli myhman Wengriýada Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belläp, şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara hil taýdan täze itergi berjekdigine, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Dostlukly we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň giň ugurlarynda pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Wiktor Orban özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtadylar.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministr Wiktor Orbany hem-de wenger wekiliýetiniň agzalaryny myhmansöýer türkmen topragynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde bu saparyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikiçäk görnüşde geçirilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ençeme meselelerini öz içine alan gepleşikleriň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady.
Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny özara goldamagy dowam etdirmek boýunça tabşyryklary bermegi teklip etdi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki döwletiň degişli edaralaryna özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga hem-de eksport-import görkezijilerini sazlaşdyrmaga gönükdirilen anyk teklipleri işläp taýýarlamak boýunça tabşyryk bermegi teklip etdi. Mundan başga-da, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn üns bermek teklip edilýär. Hususan-da, energetika, ulag, derman senagaty, dokma senagaty, oba we suw hojalygy, maýa goýum işi ýaly geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, iki ýurduň hususy kompaniýalarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny belledi. Şunda işewürler birleşiklerine möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzda bu wezipäni Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz söwda öýlerini, wekilhanalary, hususy işewürligiň wekilleri üçin maglumat-maslahat beriş meýdançalaryny açmak pikirine garamagyň möhümdigini aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garamagyň maksadalaýykdygy bellenildi. Häzirki wagtda tebigy gazdan wodorod öndürmek geljegi uly we örän zerur ugur bolup durýar. Türkmenistan bu ulgamda wenger kärdeşleriniň anyk tekliplerine garamaga taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň ugurdaş döwlet düzümlerine energetika ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmak boýunça çäreleriň sanawyny taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi.
Ulag ulgamy hem hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ol aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Türkmenistan “Lazurit” we Hazar deňzi — Gara deňiz üstaşyr ulag ugurlary arkaly Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda möhüm baglanyşdyryjy orny eýeleýär. Häzirki wagtda türkmen tarapy Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) ulag geçelgesine goşulmak boýunça çäreleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda binýatlaýyn resminamalary gol çekmäge taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar.
Senagat kooperasiýasy hem özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Wengriýa ösen senagat-önümçilik kuwwaty, uly tehnologik mümkinçilikleri bolan döwletdir. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, bilelikdäki kärhanany döretmek arkaly senagat we önümçilik kooperasiýasy hyzmatdaşlygynyň geljegine garamagy teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň degişli edaralaryna ugurdaş ministrlikleri we bank düzümleri tarapyndan şeýle taslamalary durmuşa geçirmegiň maliýe üpjünçiligi meseleleriniň öwrenilmegi üçin anyk taslamalaryň we işewürlik meýilnamalarynyň sanawyny taýýarlamagy tabşyrmak teklip edilýär.
Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesine degip geçip, Wengriýanyň adyna onuň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde ýaş türkmenistanlylaryň bilim almagyna döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň giň ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.
Wengriýanyň Premýer-ministrine söz berilýär. Jenap Wiktor Orban hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyza gelip görmäge çakylyk üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Wengriýa sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk uly kuwwata eýedir. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň uly geljegi bardyr. Şunuň bilen baglylykda, wenger tarapynyň Türkmenistan we tutuş Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Wengriýanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşulmagy sebitiň ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam eden möhüm ýagdaý boldy.
Premýer-ministr Wiktor Orban iki halkyň taryhy-medeni umumylygynyň netijeli wenger-türkmen gatnaşyklarynyň ygtybarly esasydygyny belledi.
Belent mertebeli myhman energetika ulgamyny ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ulgamlarynyň hatarynda görkezdi. Şunda Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de degişli meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak baradaky tekliplerini goldaýandygyny aýtdy. Şeýle-de Wengriýa Türkmenistan bilen ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmäge, bar bolan mümkinçiliklerini we tehnologiýalaryny teklip etmäge taýýardyr.
Premýer-ministr Wiktor Orban ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar meselesine degip geçip, öz ýurdunyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň bilim alýandyklaryna örän şatdyklaryny belledi. Şunda Wengriýanyň bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çalyşýandygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly döwletiň Hökümetiniň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde wenger dilini öwretmek hem-de özara Medeniýet günlerini geçirmek baradaky tekliplerine ýokary baha berdi.
Premýer-ministr Wiktor Orban geçirilen gepleşikleriň üstünlikli bolandygyny nygtap, hormatly Prezidentimize Wengriýa sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny ýene-de bir gezek beýan etdi. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam eder.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda diplomatik taýýarlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Semmelweýs uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkezi bilen Budapeşt paýtagt şäher hökümetiniň diwanynyň Metrologiýa we tehniki gözegçilik müdiriýetiniň arasynda metrologiýa babatda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Wengriýanyň Içeri işler ministrliginiň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň arasynda “Stipendium Hungaricum” maksatnamasynyň çäklerinde 2024 — 2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Syýahatçylyk agentliginiň arasynda syýahatçylyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Medeniýet we innowasiýalar ministrliginiň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşyga gol çekilýär.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Wiktor Orban köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn duşuşygyň netijelerini teswirläp, Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanyna hem-de wekiliýetiň agzalarynyň ählisine deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň açyk we netijeli bolandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Türkmen-wenger gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alşyldy, ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Gepleşiklerde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga uly üns berildi. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, taraplaryň ykdysady ulgamda ägirt uly mümkinçiliklere eýediklerini aýratyn nygtady. Şol mümkinçilikler anyk taslamalary amala aşyrmak arkaly ulanylyp bilner. Ýurdumyz nebitgaz pudagy, önümçilik kooperasiýasy, derman senagaty ýaly ugurlarda we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada teklipleri öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-wenger hökümetara toparynyň işini güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu babatda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk gatnaşyklary ösdürmek üçin zerur şertleriň ählisi bar. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet, bilim we ylym ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Türkmenistanyň we Wengriýanyň özara Medeniýet günlerini guramak hem-de biziň halklarymyzy birek-biregiň däp-dessurlary, aýratynlyklary bilen has ýakyndan tanyşdyrmaga gönükdirilen beýleki çäreleri geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Gepleşikleriň barşynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýeti nygtaldy, bu ugurda täze teklipler beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Premýer-ministr Wiktor Orbanyň saparynyň köpugurly türkmen-wenger hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolandygyny belläp, Wengriýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban gepleşikleriň netijelerini beýan edip, biziň ýurtlarymyzy aýratyn we ygtybarly gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Wengriýanyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyza gelmäge çakylygy hem-de hyzmatdaşlyga taýýardygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Wengriýa sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigini habar berdi.