Dubaýyň Ýol we ulag edarasy (RTA) emirlikdäki ähli jemgyýetçilik ulaglarynyň 2050-nji ýyla çenli ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesini gazanmagyny göz öňünde tutýan strategiýany kabul etdi. Bu barada TASS habarlar gullugy mälim edýär. RTA-nyň habar berşi ýaly, bu strategiýa kömürturşy gazy zyňyndylaryny 10 million tonna azaltmaga we häzirki görkezijiler bilen deňeşdirilende, 9 millon dollar tygşytlamaga mümkinçilik berer.
Dubaýyň Ýol we ulag edarasynyň strategiýasy 2030-njy ýyla çenli şäher awtobuslarynyň 10%-ini elektrik ýa-da wodorod hereketlendirijilerine geçirmegi göz öňünde tutýar. Soňra Dubaýyň häkimiýetleri 2045-nji ýyla çenli parkyň 80%-iniň ekologiýa taýdan arassa energiýa bilen işlemegi üçin her bäş ýyldan şeýle awtobuslaryň paýyny iki esse artdyrmagy niýet edinýärler. Dubaýdaky awtobuslaryň 2050-nji ýyla çenli ýyladyşhana gazlaryny işläp çykarmazlygy meýilleşdirilýär. Şeýle-de, RTA 2050-nji ýyla çenli ähli mekdep awtobuslaryny, taksileri we limuzinleri ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerine geçirmekçi bolýar.
Mundan başga-da, bu strategiýa binalary döwrebaplaşdyrmagy we şäher galyndylarynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmegi öz içine alýar. Şeýlelik bilen, 2030-njy ýyla çenli Dubaýyň häkimiýetleri RTA-nyň binalarynyň we beýleki desgalaryň 74%-ini, 2035-nji ýyla çenli 83%-ini, 2045-nji ýyla çenli 100%-ini Gün batareýalary bilen abzallaşdyrmagy maksat edinýär. Galyndylary aradan aýyrmak babatda aýdylanda bolsa, 2030-njy ýyla çenli emirlikdäki ähli hojalyk galyndylaryny hem gaýtadan işlemek meýilleşdirilýär, bu bolsa zibilleriň zir-zibil dökülýän ýere äkidilmejekdigini aňladýar.
Ýatlap geçsek, 2021-nji ýylda BAE 2050-nji ýyla çenli uglerod bitaraplygyny gazanmagy maksat edinýän “Net Zero 2050” strategiki başlangyjyny öňe sürdi. Bu başlangyç ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerini ornaşdyrmaga gönükdirilendir. 2022-nji ýylyň dekabr aýyna çenli ýagdaýa görä, BAE 15 ýylda şeýle taslamalary ösdürmäge 40 milliard dollardan gowrak maýa goýdy. Mundan başga-da, şu ýyl Dubaýda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň 28-nji konferensiýasy geçiriler.