Be­ýik bri­ta­ni­ýa­ly mü­sür­şy­nas­lar ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len fa­ra­on Tu­tan­ha­mo­nyň gow­şak we ke­sel­bent bo­lan­dy­gy ba­ra­da­ky çak­la­ma­ny ýa­la­na çy­kar­dy­lar. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da onuň ba­tyr­gaý sö­weş­jeň es­ger bo­lan­dy­gy anyk­la­nyl­dy. Bi­ler­men­ler Tu­tan­ha­mo­nyň ma­ýyp­dy­gy, şeý­le-de onuň da­ba­ny­nyň çaý­şyk bo­lan­dy­gy ba­ra­da 2010-njy ýyl­da öňe sür­len yl­my ne­ti­jä­ni tas­syk­la­ýan hiç hi­li su­but­na­ma­nyň ýok­du­gy­ny bel­le­ýär­ler.
Mü­sür­şy­nas So­fi­ýa Aziz Tu­tan­ha­mo­nyň da­ba­ny­nyň çaý­şyk bo­lan­dy­gy ba­ra­da­ky çak­la­ma­la­ry ka­bul et­me­ýär. Üs­te­si­ne-de Tu­tan­ha­mo­nyň aram­gä­hin­den ta­py­lan köp­san­ly ta­ýak­la­ryň onuň ha­sa­sy däl-de, pa­ty­şa­lyk mer­te­be­si­ni su­but ed­ýän ala­mat­lar­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Şeý­le hem alym­lar Tu­tan­ha­mo­nyň har­by sö­weş­le­re gat­na­şan­dy­gy­ny, ba­tyr­gaý ser­ker­de bo­lan­dy­gy­ny nyg­ta­ýar­lar. Mu­ny onuň aram­gä­hin­den ta­py­lan har­by eşik­ler­dir, dür­li ýa­rag­lar su­but ed­ýär di­ýip, “Dai­ly Ma­il” ne­şi­ri ýaz­ýar.