Polşanyň Lodz şäherinde ösüp oturan “Fabrikant” atly dub agajy “2023-nji ýylyň Ýewropa agajy” baýragyna mynasyp boldy. 180 ýaşy arka atan bu agajyň ýeňiş gazanmagy üçin 46 müň töweregi adam ses berdi diýip, “euro-pulse.ru” saýty habar berýär.
Bu agaç XIX asyryň ahyrynda esaslandyrylan Lodz seýilgähinde ösýär. Agajyň şahalarynyň biriniň S şekili bolup, uzynlygy 20 metrden geçýär. 33 metrlik başy bolan dubuň ýaýbaň saýasy ýaşlaryň gowy görýän mekanyna öwrüldi.
Ikinji orna Slowakiýadan “Drakon” atly dub agajy mynasyp boldy. Oňa 18 müň adam ses berdi. Agajyň şekili aždarhany ýadyňa salýar. Rowaýatlara görä, bu dub ir zamanlar ýerli ýaşaýjylary duşmanlardan gorapdyr.
Üçünji orny 14 müň ses bilen “Krolewes” atly alma agajy eýeledi. Alma agajynyň aýratyn kök urmaga ukyby bolan 15 sany ýere tarap ösen şahasy bolup, şahalaryň biri ölende olar ýere eglip, kök urýarlar. Şeýlelik bilen, alma agajy öz ömrüni uzaldýar.
“Ýylyň Ýewropa agajy”, bu Ýewropanyň tebigy we medeni mirasynda garry agaçlaryň ähmiýetini görkezmek üçin 2011-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bäsleşikdir. Geçen ýyl Polşadan “Dunin” atly dub öňdeligi eýeledi.