Monakoda guralan dabarada Beýik Britaniýanyň “Ernst & Young” maslahat beriş kompaniýasynyň “Ýylyň meşhur telekeçisi – 2023” halkara bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. Ol ýarym geçirijileri öndürmek üçin möhüm düzüm bölegi bolan kremniý plastinasyny öndürýän Taýwanyň “GlobalWafers” kompaniýasynyň baş müdiri we müdirler geňeşiniň başlygy hanym Doris Hsu boldy.
Bu çäre “Ýylyň işewüri” maksatnamasynyň iň ýokary derejesi hasaplanýar. Bu bäsleşik öz ideýalary, yhlasy we üstünlikleri bilen başgalara ylham berýän adamlaryň işewürlik işiniň üstünligini ykrar etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle görnüşli ilkinji we ýeke-täk bäsleşik hökmünde “Ýylyň meşhur telekeçisi – 2023” milli we halkara derejesinde üstünlikli, çalt depginde ösýän kompaniýalaryň esaslandyryjylarynyň we ýolbaşçylarynyň hyzmatyny ykrar etmäge gönükdirilendir.
“Ernst & Young”-yň “Ýylyň meşhur telekeçisi – 2023” bäsleşigi innowasion ösüşi, gülläp ösüşi goldamak maksady bilen dünýämizi özgerdýän işewürler üçin abraýly halkara bäsleşigidir. Dünýäniň 60-dan gowrak döwletiniň 145-den gowrak şäherinde sebitleýin we milli tapgyrlaryň ýeňijileri, adatça, Monakoda geçirilýän halkara finalda dünýäniň iň gowy telekeçisi ady ugrunda bäsleşiklerini dowam etdirýärler.