11-nji iýunda Çernogorýada geçirilen parlament saýlawlarynda “Ýewropa häzir” hereketi, Çernogoriýanyň öňki prezidentiniň Sosialistik-demokratik partiýasyndan öňe saýlanyp, sesleriň dörtden birinden gowragyna eýe boldy. Bir ýyl mundan ozal döredilen we Çernogoriýanyň Ýewropa Bileleşigine goşulmagyny goldaýan bu hereket ýurtda möhletinden öň geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de bolsa, “Ýewropa häzir” hereketiniň özbaşdak hökümet gurmak üçin ýeterlik goldawy ýok. Çernogoriýanyň merkezi çepçi Sosialistik-demokratik partiýasynyň ýolbaşçylygyndaky “Bilelikde! Size degişli geljek üçin” koalisiýasy ikinji orny eýeledi.
Maglumatlara görä, “Ýewropa häzir” hereketi, takmynan, 26%, (23 orun) Sosialistik-demokratik partiýa – 23% (22 orun) sese eýe boldy. Galan sesler, saýlawlaryň ýeňijileri bilen garaşsyz bäsleşip bilmejek köp sanly syýasy güýçleriň arasynda deň paýlanar. Bu syýasy çärede 90-njy ýyllaryň başynda ýurtda köp partiýaly ulgam ornaşdyrylaly bäri saýlawçylaryň iň pes gatnaşygy (56,4%) hasaba alyndy. Saýlaw topary gutarnykly netijeleri ýakyn günlerde yglan eder.
Ýurdy 30 ýyllap dolandyryan Sosialistik-demokratik partiýanyň öňki lideri Milo Jukanowiç aprel aýynda geçirilen Prezident saýlawlarynda “Ýewropa häzir” hereketiniň başlygynyň orunbasary Ýakow Milatowiçden asgyn geldi. Saýlawlarda ýeňiş gazanan partiýanyň başlygy Miloýko Spaiç täze hökümetiň tiz dörediljekdigini mälim etdi, ýöne ýerli bilermenler munuň ýeňil düşmejekdigini öňe sürýärler. Maglumatlara görä, häzirki wagtda Çernogoriýanyň 630 müňden gowrak ilaty bar.