11-nji iýun­da Çer­no­gor­ýa­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da “Ýew­ro­pa hä­zir” he­re­ke­ti, Çer­no­go­ri­ýa­nyň öň­ki pre­zi­den­ti­niň So­sia­lis­tik-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­syn­dan öňe saý­la­nyp, ses­le­riň dört­den bi­rin­den gow­ra­gy­na eýe bol­dy. Bir ýyl mun­dan ozal dö­re­di­len we Çer­no­go­ri­ýa­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne go­şul­ma­gy­ny gol­da­ýan bu he­re­ket ýurt­da möh­le­tin­den öň ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Şeý­le-de bol­sa, “Ýew­ro­pa hä­zir” he­re­ke­ti­niň öz­baş­dak hö­kü­met gur­mak üçin ýe­ter­lik gol­da­wy ýok. Çer­no­go­ri­ýa­nyň mer­ke­zi çep­çi So­sia­lis­tik-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky “Bi­le­lik­de! Si­ze de­giş­li gel­jek üçin” koa­li­si­ýa­sy ikin­ji or­ny eýe­le­di.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, “Ýew­ro­pa hä­zir” he­re­ke­ti, tak­my­nan, 26%, (23 orun) So­sia­lis­tik-de­mok­ra­tik par­ti­ýa – 23% (22 orun) se­se eýe bol­dy. Ga­lan ses­ler, saý­law­la­ryň ýe­ňi­ji­le­ri bi­len ga­raş­syz bäs­le­şip bil­me­jek köp san­ly sy­ýa­sy güýç­le­riň ara­syn­da deň paý­la­nar. Bu sy­ýa­sy çä­re­de 90-njy ýyl­la­ryň ba­şyn­da ýurt­da köp par­ti­ýa­ly ul­gam or­naş­dy­ry­la­ly bä­ri saý­law­çy­la­ryň iň pes gat­na­şy­gy (56,4%) ha­sa­ba alyn­dy. Saý­law to­pa­ry gu­tar­nyk­ly ne­ti­je­le­ri ýa­kyn gün­ler­de yg­lan eder.
Ýur­dy 30 ýyl­lap do­lan­dy­ry­an So­sia­lis­tik-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň öň­ki li­de­ri Mi­lo Ju­ka­no­wiç ap­rel aýyn­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da “Ýew­ro­pa hä­zir” he­re­ke­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ýa­kow Mi­la­to­wiç­den as­gyn gel­di. Saý­law­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan par­ti­ýa­nyň baş­ly­gy Mi­loý­ko Spaiç tä­ze hö­kü­me­tiň tiz dö­re­dil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di, ýö­ne ýer­li bi­ler­men­ler mu­nuň ýe­ňil düş­me­jek­di­gi­ni öňe sür­ýär­ler. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, hä­zir­ki wagt­da Çer­no­go­ri­ýa­nyň 630 müň­den gow­rak ilaty bar.