“Volvo” kompaniýasy maý aýyna degişli maglumatlary ýaýratdy. Maglumatda kompaniýanyň elektroulag satuwynyň görnetin artandygyny görmek bolýar. Kompaniýa maýda geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 31 göterimlik ösüş gazanyp, 60 müň 398 sany awtoulag ýerläpdir. Ýylyň ilkinji bäş aýynda 275 müň 312 sany awtoulag satylypdyr. Degişli döwürde “Volvo”-nyň elektroulag satuwy 55 göterim artyp, 23 müň 967 bolupdyr. Şolardan dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglarynyň satuwy üç esse golaý köpelip, 10 müň 826 bolupdyr. Zarýad berip bolýan gibrid ulaglardan 13 müň 141 (11 göterim) sanysy satylyp, olar umumy satylan ulaglaryň 21,8 göterimini emele getiripdir. Şeýlelikde, jemi 24 müňe golaý elektroulag satylyp, olar umumy ulaglaryň 39,7 göterimini emele getiripdir.
“Volvo” elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryny “Recharge” brendi bilen satuwa çykarýar.