Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplumda ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça gazanylan ösüş 124,8 göterime deň boldy. Şu ýylyň bäş aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 104,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 106,3 göterime deň boldy.
Ýanwar — maý aýlarynda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüş “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 105,4 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 121,3 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 308 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe täze satyn alnan “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli ýük uçarlarynyň ikisinde ykdysady taýdan has amatly we täze Aşgabat – Seul – Aşgabat, Aşgabat – Hanoý – Aşgabat ugurlary boýunça ýük howa gatnawlary amala aşyrylyp başlandy. “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 110,2 göterim, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 111,9 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Hasabatyň dowamynda sanly hyzmatlary amala aşyrmak, şeýle hem ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şeýle-de şu ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023” atly halkara maslahat we sergi geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly we bäsdeşlige ukyply şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň multimodal-logistika mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň möhümdigini belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.