Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow resmi sapar bilen ýurda gelen ÝUNESKO-nyň baş müdiri Odre Azuleni kabul etdi. Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, maslahatda howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleriniň öňüni almak, medeni we taryhy mirasy gorap saklamak we ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alşyldy.
Sadyr Japarow Gyrgyzystanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda, hususan-da bilim we ylym pudaklarynda halkara gatnaşyklarynyň giňelmegine uly ähmiýet berýändigini belledi. Prezident, tehnologiýa we sanly innowasiýalary ulanmak boýunça sebitleýin başlangyçlaryň çäginde, esasan hem, Merkezi Aziýada milli döredijilik pudagyny ösdürmekde ÝUNESKO-nyň goldawyna umyt bildirdi. Sadyr Japarow soňky onýyllyklaryň dowamynda Gyrgyzystanyň daglyk ýurtlaryň durnukly ösüş meselelerini we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini çözmek üçin halkara sahnasynda işjeň goldawçydygyny ýatlatdy.
ÝUNESKO-nyň baş müdiri bildirilen myhmansöýerlik üçin Gyrgyzystanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi we Gyrgyzystana ilkinji gezek gelmeginiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Odre Azule Gyrgyzystanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda adamzadyň medeni we taryhy mirasyny gorap saklamakdaky işjeň ornuny kanagatlanma bilen belläp geçdi. Ol Gyrgyzystanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini geljekki nesiller üçin gorap saklamagyň möhümdigini belläp, ýurtda maddy däl miraslaryň köpdügine ünsi çekdi.
Duşuşygyň ahyrynda ÝUNESKO-nyň baş müdiri Odre Azule Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarowa meşhur manasçy Sagymbaý Orozbakowyň göçürip alan “Manas” eposynyň golýazmasynyň guramanyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi barada şahadatnamany gowşurdy. Taraplar Gyrgyzystan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Ýatlap geçsek, 2013-nji ýylda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komiteti “Manas, Seýtek, Semeteý” atly gyrgyz epiki trilogiýasyny adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşdy. Häzirki günlere çenli Gyrgyzystanda eseri dolulygyna ýatdan bilýän manasçylar bar. Manas eposyny Sygymbaý Orozbakow (1867-1930) we Saýakbaý Karalaýew (1894-1971) dagy gyrgyz manasçylaryndan ýazyp alyp, gelejekki nesillere galdyrypdyrlar.