Skandinawiýa patyşalygynyň hökümeti standartlaşdyrylan gaplama talaplary we elektron çilimleriň aromatizatorlaryny gadagan etmek barada Stortinge (parlament) kanun taslamasyny hödürledi.
Hususan-da, hökümet çagalaryň we ýaşlaryň arasynda elektron çilimleriň ulanylyşynyň artmagyna alada bildirýär.
– Elektron çilimiň ulanylmagynyň saglyga howp salýandygyna şek ýok. Bu kanun taslamasy arkaly ýaşlaryň elektron çilimini ulanmagynyň öňüni almak isleýäris Aromatizatorlaryň gadagan edilmegi we standartlaşdyrylan gaplamalara bildirilýän talaplar, ýaşlary elektron çilimlerden belli bir derejede daşlaşdyryp biler – diýip, saglyk ministri Ingwild Kerkol belledi.
Ýewropa Komissiýasynyň 2021-nji ýyldaky hasabatyna görä, Ýewropa Bileleşiginde barha köp ýaşlar elektron çilimleri ulanýarlar. Patyşalygyň içinde geçirilen pikir soralyşyklar Norwegiýada-da şunuň ýaly ýagdaýy görkezýär. Şonuň üçin ýurduň hökümeti elektron çilimleriň mundan beýläk ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen ýaşlara we çagalara gönükdirilen çäreleri amala aşyrmagy maksat edinýär.
Saglygy goraýyş ministrligi täze kanun taslamasynda elektron çilimleri kadalaşdyrmak bilen baglanyşykly iki çäräni teklip edýär. Döwlet elektron çilimleriň satylmagyna, temmäkiden başga haýsydyr bir üýtgeşik ysly tütün bilen doldurýan merkezlere gadaganlyk hem-de elektron çilimleriň standart gaplanyşyna zerur talaplary girizmek isleýär. Teklipler Finlýandiýada we Daniýada degişli tejribelere esaslanýar.