Türkmen samboçylary Astanada geçirilen Aziýa we Okeaniýa çempionatynda 26 medal gazandylar. Bäsleşige 30 ýurtdan 600-den gowrak türgen gatnaşdy, olar ýetginjekleriň (18 ýaşdan geçmedik), ýigitleriň (20 ýaşdan geçmedik) we ulularyň arasynda «sport sambosy boýunça iň güýçli», şeýle hem ýigitleriň, gyzlaryň, erkekleriň we zenanlaryň arasynda «söweş sambosy boýunça iň güýçli» diýen at ugrunda bäsleşdiler. Şeýle hem ýaryşda Aziýa yklymynyň 11 ýurdundan gelen görüş mümkinçiligi pes bolan türgenleriň arasynda ilkinji gezek medal ugrunda bäsleşik geçirildi.
Çempionatyň ýeňijileri 21-nji oktýabrdan 30-njy oktýabr aralygynda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçiriljek Bütindünýä söweş sungaty oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.
Türkmenistanlylar sambonyň söweş görnüşinde-de, sport görnüşinde-de ýetginjekleriň (18 ýaşdan geçmedik) erkekleriň we zenanlaryň arasynda jemi 3 altyn, 7 kümüş we 16 bürünç medal gazandylar.
Söweş sambosynda baýrakly orunlar ugrunda ilkinji bolup, ýigitler bäsleşdiler. Maksatnamanyň bu görnüşinde altyn medaly ildeşimiz Ysmaýyl Ataýew (64 kilograma çenli agram) gazandy. Ol finalda Serik Şadiýary (Gazagystan) ýeňdi, bürünç medallara bolsa Kerim Kerimow (58 kg çenli) we Allanazar Orazmuhammedow (79 kg çenli) mynasyp boldular.
Ýetginjekleriň arasynda sport sambosynda Rüstem Annamuhammedow (98 kg çenli) we Jamaluddin Gurbanow (98 kg-dan ýokary) dagy bürünç medallara mynasyp boldular. Jamaluddiniň ýetginjekleriň arasynda aşa agyr agramlylar toparynda ýene bir bürünç medal gazanandygy bellärliklidir.
Sport sambosy boýunça erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň topary üçin altyn medaly finalda Ihtiýor Eşmurodowy (Özbegistan) ýeňen Guwanç Begalyýew (98 kilograma çenli) gazandy. Kümüş medallara Begenç Baltaýew (79 kg çenli) we Döwlet Yslamow (98 kg-dan ýokary), bürünç medallara bolsa Arslan Ysmaýylow (58 kg çenli), Kakageldi Ýegenbaýew (71 kg çenli) mynasyp boldular. Ýene bir bürünç medaly Bütindünýä söweş sungaty oýunlaryna saýlama geçirilende, 88 kilograma çenli agramly Batyr Hojamuhammedow gazandy.
Zenanlar ýaryşynda ikinji orna Jahan Muhammedowa (80 kg çenli), üçünji orna Aziza Nazarowa (50 kg çenli), Dinara Ibadullaýewa (54 kg çenli) we Medine Aýdogdyýewa (59 kg çenli) mynasyp boldular.
Erkekler arasyndaky söweş sambosynda Nowruz Ataýew (58 kg çenli) we Muhammetnyýaz Gurbandurdyýew (79 kilograma çenli) ýeňiş gazandylar. Olar finalda, degişlilikde, Miras Ualyýewden (Gazagystan) we Furkat Ruziýewden (Özbegistan) asgyn geldiler. Bürünç medaly bolsa Dawid Awçýan (71 kg çenli), Mämmetgurban Mämmetgurbanow (88 kg çenli) we Babajan Ibadullaýew (98 kg-dan ýokary) dagy gazandy.
Söweş sambosy boýunça zenanlaryň arasynda Maksuda Egemberdiýewa altyn medal gazandy. Ol bu üstünlige 80 kilograma çenli agram toparynda medal ugrunda bäsleşen üç sany sambo pälwanyny ýeňmek bilen ýetdi. Finalda Maksuda Egemberdiýewa gazagystanly garştdaşy Zulfiýa Muhammedýarowany ýeňdi we hormat paýasynyň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Kümüş medala 50 kilograma çenli agram toparynda iki türgen bilen bäsleşen Aýlar Mälikowa we Weronika Rus (54 kg çenli) mynasyp boldular. Finalda Aýlar Mälikowa gazagystanly garşydaşy Jadyra Paýyzdan, Weronika Rus bolsa Muşarraf Ibodullaýewadan (Özbegistan) ýeňildi. Bürünç medallar Wioletta Krowýakowa (65 kg çenli) we Jahan Muhammedowa (80 kg çenli) berildi.
Geçen ýyl Liwanyň Juniýa şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda türkmenistanly samboçylar 22 medal gazandy (3 altyn, 5 kümüş we 14 bürünç), bu bolsa şu ýylkydan dört medal azdyr.