2023-nji ýylyň iýun aýynyň 10-da «Arçabil» myhmanasynda USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy «Sanly Bilim» okuw merkezi bilen bilelikde «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň uçurymlary üçin iş orunlar ýarmarkasyny geçirdi.
«TechYouth Bootcamp» maksatnamasy «bootcamp» görnüşinde «doly çümmek» bilen IT ugurlar boýunça alty aýlyk intensiw kursyny öz içine alýar. USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy «Sanly Bilim» okuw merkezi bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen we durmuşa geçirilen bu maksatnama tehnologiýa nukdaý nazardan çalt ösýän zähmet bazarynda ýaşlara üstünlik gazanmak üçin zerur bolan ukyplar bilen üpjün edýär.
Çäräniň başynda maksatnama gatnaşyjylaryň 35-sine aşakdaky kurslaryň birini üstünlikli tamamlandygy barada sertifikatlar gowşuryldy:
• Web-sahypalary işläp düzmek (Website development)
• Mobile programmalary işläp düzmek (Mobile app development)
• Grafiki we UI/UX dizaýny (Graphic and UI/UX design)
• IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak (IT system maintenance and administration)
Bu çärä 15 kompaniýanyň direktorlary, işgärler boýunça menejerleri we IT hünärmenleri gatnaşdylar. Olar sertifikat gowşurylyş dabarasyndan soň kompaniýalaryna işgär ýa-da stažýor almak üçin maksatnamanyň uçurymlary bilen söhbetdeşlikleri geçirdiler. Kompaniýalaryň biriniň wekili şeýle belläp geçdi: «USAID-iň ýaşlara zerur bolan hünärleri öwrenmäge kömek edýändigi gowy zat diýip pikir edýärin. Men maksatnamanyň uçurymlarynyň bir-näçesi bilen iş söhbetdeşlik geçirdim, we olaryň täze hünärlerini gowy bilýändiklerine we işlemäge örän höweslidiklerine göz ýetirdim. Olar örän ökde we zähmetsöýer işgärler bolar, şonuň üçin biz olaryň käbirlerini işe alarys».
«TechYouth Bootcamp» maksatnamasy USAID-iň Türkmenistanda ýaşlaryň ukyplaryny ösdürmäge üns berýändigini görkezýän mysal bolup durýar. Ýaşlary gymmatly iş tejribesini toplamak we dürli pudaklarda ulanylýan täze hünärleri ele almak üçin platforma bilen üpjin edip, bu maksatnama olara şu günki bäsdeşlikli zähmet bazarynda üstünlik gazanmaga mümkinçilik berýär.
«TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň üstünligine esaslanyp, USAID bu maksatnamanyň indiki tapgyrlaryny Türkmenistanyň welaýatlarynda durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. USAID we onuň ýerli hyzmatdaşlary ýakyn wagtda maksatnamanyň indiki tapgyryna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryny kabul edilşigi barada ýerli metbugat arkaly yglan ederler.