Peruwda Amazonka tokaýlygynda agaç nahallaryny oturmak üçin robotlardan peýdalanylyp başlandy. Dünýäniň iň uly tokaýlygy bolan Amazonkanyň köp ýeri birnäçe ýyllaryň dowamynda ýerasty magdanlaryň çykarylmagy sebäpli zaýalanypdyr. Robotyň tokaýyň zeper ýeten ýerlerini gaýtadan dikeltmekde alnyp barylýan işleriň depginini batlandyrjakdygy bellenilýär. Gün panelleri bilen enjamlaşdyrylan bu robotlar günuzyn işläp bilýär. Günüň dowamynda bir robot bir futbol meýdançasy ýaly ýere ýetjek 600 töweregi tohum ekýär. Şeýle hem bu enjamy uzakdan dolandyryp bolýar. Bilermenler bu robotlary has köp ýerde ulanmagyň usullaryny gözleýär.