Soň­ky ýyl­lar­da Er­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ýur­da şu ýy­lyň il­kin­ji bäş aýyn­da 806 müň sy­ýa­hat­çy ba­ryp­dyr. Bu ba­ra­da ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Wa­han Ke­rob­ýan jem­gy­ýet­çi­lik to­ry ar­ka­ly ha­bar ber­di.
Ge­çen ýyl Er­me­nis­ta­na 1,5 mil­li­on da­şa­ry ýurt­ly myh­man ba­ryp­dyr. Ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi bo­lan Se­wan kö­li myh­man­la­ryň iň köp bar­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu ýe­riň go­la­ýyn­da 3 müň 600 metr be­lent­lik­dä­ki sö­nen Až­da­hak wul­ka­ny, “Ki­lik­ýa” gä­mi mu­ze­ýi sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýär. Köl­de ýel­ken­li gä­mi­ler bi­len ge­ze­lenç edip bol­ýar. Ýur­duň te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri we ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri sy­ýa­hat­çy­la­ryň gy­zyk­lan­ma­sy­ny has hem art­dyr­ýar. Go­ris şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da, dag ete­gin­dä­ki Ta­tew ma­nas­ty­ry­na bol­sa dün­ýä­niň dü­şel­ge­siz iň uzyn ur­gan­ly ýo­ly ar­ka­ly ba­ryp bol­ýar.