13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Gyzylarbat etrabyndaky «Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň bugdaý meýdanynyň ýanyna gondy.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow we Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew mähirli garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen, gözüňi dokundyrýan bugdaý başlarynyň tolkun atýan meýdanlaryny, şeýle hem galla oragyna girişmek üçin bu ýerde hatara düzülen kombaýnlary synlady.
Ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramak we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işleri maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar, olar üçin oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ýörite ýer gaznalary yzygiderli döredilýär.
Bulardan başga-da, oba hojalyk önümlerini öndürijilere dünýäde meşhur kompaniýalaryň ýokary öndürijilikli tehnikalarydyr gurallaryny, önümçilik kärhanalary üçin döwrebap enjamlary satyn almaklary hem-de önümçilige öňdebaryjy tejribeleri we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Oba hojalygynda iş alyp barýan hususy önüm öndürijiler üçin amatly şertleri döretmäge we olary maliýe taýdan goldamaga hem uly ähmiýet berilýär.
Şu ýyl Balkan welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryna ak bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ekildi. Hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine berýän goldawy netijesinde, galla oragy möwsüminde «John Deere» we СLAAS ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanylýar. Bu tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär.
Soňra bu ýerde döwlet Baştutanymyz «Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň ekerançylyk meýdanynyň daýhany G.Amanmyradow bilen söhbetdeş boldy.
Hormatly Prezidentimiz daýhanyň iş şertleri, maşgala ýagdaýy we kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşi hem-de galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy.
Zähmetsöýer gallaçy topraga yhlas edip öndürijilikli zähmet çekmek, ýerden bol hasyl almak ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur goldawlaryň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol 23 ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, şu ýyl 25 gektar meýdandan 112,5 tonna bugdaý hasylyny almagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň kärendeçileri zerur dökün, ýokary hilli tohum bilen üpjün edýändigini, olaryň netijeli zähmet çekmekleri üçin oňaýly şertleri döredýändigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, bu asylly işe jogapkärli çemeleşmegiň türkmenleriň öňden gelýän ekerançylyk däbidigi bellenildi. Munuň özi ösüp gelýän nesli terbiýelemekde möhüm orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýan daýhanlaryň iş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy, pudaga täzeçil tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, iň esasysy bolsa, daýhan zähmetiniň höweslendirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanjakdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz daýhana alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi we ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine goşýan goşandyna minnetdarlygyň nyşany hökmünde oňa sowgatlaryny gowşurdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz kärendeçiniň haýyşy boýunça «Bismilla» diýip, daýhan yhlasy bilen birkemsiz ýetişen dok sümmülli bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi hem-de bol hasyl öndürmegi arzuw etdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory S.Ödäýew bilen gürrüňdeş bolup, onuň iş şertleri we tejribesi, maşgala ýagdaýy, bugdaý meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy.
Mehanizator döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, döwrebap tehnikalar, oba hojalyk gurallary bilen üpjün etmek ugrundaky tagallalary, netijeli işlemek hem-de ýetişdirilen bol bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak üçin döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň obasenagat toplumynda belent sepgitlere ýetilýändigini nygtady. Döwlet tarapyndan dünýäniň iri önüm öndürijileriniň häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynmagy daýhanlara ekiş möwsümini gysga möhletde geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ugurda görülýän çäreler yzygiderli häsiýete eýe bolar.
Döwlet Baştutanymyz çekýän asylly zähmetine minnetdarlygyň nyşany hökmünde mehanizatora öz sowgatlaryny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz galla oragyna girişen kombaýnlaryň sazlaşykly hereketini synlady. Galla meýdanlarynyň aňyrsyna göz ýetmeýän giňişligi daýhanlarymyzyň şu ýylky yhlasynyň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär. Altynsow başlaryny şemala ygşyldadyp oturan galla meýdanlary halkymyzyň saçagynyň egsilmez berekediniň nyşany bolup görünýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda netijeli iş alyp barýan «Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy A.Amanmämmedow bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde obasenagat toplumyna hususyýetçiligiň işjeň çekilmegi netijesinde öndürilýän önümleriň mukdarynyň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi we telekeçileriň iş netijeliligini ýokarlandyrmak üçin olara döwletimiz tarapyndan zerur goldawlaryň yzygiderli beriljekdigini nygtady.
Telekeçi oba hojalygynda işleýän hususy ulgamyň wekilleriniň adyndan bu ulgamy ösdürmäge berýän ünsi hem-de türkmen işewürlerine uly goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge hem-de obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda has-da möhümdir.