13-16-njy iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza – 2023» atly halkara tans we folklor festiwaly geçirilýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýän çä­rä gat­naş­mak üçin bu ýe­re hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, ugur­daş eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri, Eý­ran­dan, Hin­dis­tan­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Hy­taý­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Rus­si­ýa­dan, Ru­my­ni­ýa­dan, Öz­be­gis­tan­dan alym­lar we hü­när­men­ler, me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri, sah­na us­sat­la­ry gel­di­ler.
Dün­ýä halk­la­ry­nyň sun­ga­ty­na ba­gyş­la­nan bu hal­ka­ra fo­rum ýur­du­myz­da öz­bo­luş­ly mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi go­rap sak­la­mak we giň­den wa­gyz et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan giň möç­ber­li iş­ler bi­len bag­ly­lyk­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.
Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky in­te­rak­tiw suw çüw­dü­rim­li se­ýil­gäh­dä­ki uly sah­na­da kon­sert gu­ra­lyp, onuň mak­sat­na­ma­sy dür­li halk­la­ryň saz sun­ga­ty­nyň kö­pö­wüş­gin­li­li­gi­ni, mil­li däp­le­riň öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny şöh­le­len­dir­di.
Ýur­du­my­zyň meş­hur tans we folk­lor to­par­la­ry, halk tans­la­ry­ny hem-de aý­dym­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­ler kon­sert­de türk­men sun­ga­ty­na we­kil­çi­lik et­di­ler.
Dün­ýä halk­la­ry­nyň me­de­ni­ýe­ti­niň dür­li ta­rap­la­ýyn öw­re­nil­me­gi­ne, dost­lu­gyň we yla­la­şy­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra fes­ti­wa­lyň baş pi­ki­ri ar­tist­le­riň çy­kyş­la­ryn­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Umu­my mak­sat­dan ruh­la­nan ar­tist­ler her ese­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne öz ze­hin­le­ri­ni siň­dir­di­ler.

Köp san­ly to­ma­şa­çy­lar dün­ýä halk­la­ry­nyň aja­ýyp aý­dym-saz sun­ga­tyn­dan, ga­dy­my saz gu­ral­la­ry­nyň ja­dy­laý­jy owa­zyn­dan lez­zet al­dy­lar.
Türk­men ar­tist­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ren «Küşt­dep­di» tan­sy bol­sa to­ma­şa­çy­lar­da we fes­ti­wa­la gat­na­şy­jy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir gal­dyr­dy. Bu ga­dy­my aý­dym we tans sun­ga­ty 2017-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň gör­nük­li nus­ga­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.
14-nji iýun­da fes­ti­wa­lyň çäk­le­rin­de «Da­ýanç» sa­gal­dyş we dynç-alyş mer­ke­zi­niň mas­la­hat­lar za­lyn­da «Folk­lor dö­re­di­ji­li­gi­niň we halk tan­sy­nyň des­sur­la­ry» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di.
Hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­lar il­ki bi­len mer­ke­ziň eý­wa­nyn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan ser­gi­ni syn­la­dy­lar. On­da ýur­du­my­zyň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň gym­mat­lyk­la­ry, türk­men te­bi­ga­ty­nyň aja­ýyp­ly­gy­ny be­ýan ed­ýän su­rat eser­le­ri we dür­li ki­tap­lar gör­ke­zil­di.
Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra çä­re­si­niň mil­li me­de­ni­ýe­ti ös­dür­mek­de äh­mi­ýet­li­di­gi bel­le­nil­di. Şeý­le hem mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li ka­bul edi­len­dik­le­ri we hal­ka­ra fes­ti­wa­ly­ň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän­di­gi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.
Soň­ra «Awa­za-2023» at­ly hal­ka­ra tans we folk­lor fes­ti­wa­ly bu çä­rä gat­naş­ýan da­şa­ry ýurt­ly tans hem-de folk­lor to­par­la­ry­nyň kon­ser­ti bi­len do­wam et­di. Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan joş­gun­ly çy­kyş­lar­da dost-do­gan­ly­gyň, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýän me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň was­py ýe­ti­ril­di.
Şu gün Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky aja­ýyp in­te­rak­tiw suw çüw­dü­rim­li se­ýil­gäh top­lu­my­nyň am­fi­te­at­ryn­da «Awa­za – 2023» at­ly hal­ka­ra tans we folk­lor fes­ti­wa­ly­nyň ýa­py­lyş da­ba­ra­sy, de­giş­li dip­lom­la­ryň gow­şu­ry­ly­şy hem-de dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki jem­leý­ji kon­ser­ti bo­lar.