Şu ýylyň 28-29-30-njy iýunynda Türkmenistanda Gurban baýramy belleniler. Bu baradaky degişli Permana şu gün — 16-njy iýunda Arkadag şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminama bilen, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara degişli Permanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.