15-nji iyun­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň To­hum­çy­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ut­gaş­dy­ry­jy ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, “Se­me­na” as­so­sia­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Iwan Kuz­mi­ni ka­bul et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz myh­ma­ny mü­bä­rek­läp, onuň ýur­du­my­za şu ge­zek­ki sa­pa­ry­nyň GDA-nyň gi­ňiş­li­gin­de oba ho­ja­lyk ul­ga­myn­da, hu­su­san-da, to­hum­çy­lyk ýa­ly mö­hüm ugur­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Iwan Kuz­min oba­se­na­gat top­lu­myn­da düýp­li öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­tan bi­len GDA-nyň To­hum­çy­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ut­gaş­dy­ry­jy ge­ňe­şi­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti hä­zir­ki wagt­da azyk howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi, oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ön­dü­ri­ji­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy we bar bo­lan se­riş­de­le­riň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy tu­tuş dün­ýä­de mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Ýur­du­myz­da oba ho­ja­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär, ony in­no­wa­si­on çöz­güt­ler we pi­kir­ler üçin açyk bo­lan, ýo­ka­ry teh­no­lo­gik pu­da­ga öwür­mä­ge gö­nük­di­ri­len giň möç­ber­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bar bo­lan kuw­wa­ty we mil­li oba­se­na­gat top­lu­my­nyň öňün­de goý­lan esa­sy we­zi­pe­le­ri na­za­ra al­mak bi­len, hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň as­sos­sir­le­nen ag­za­sy bol­mak bi­len, onuň işi­ne iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. GDA-nyň To­hum­çy­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ut­gaş­dy­ry­jy ge­ňe­şi­niň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­lyk bar­ha ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýar. Ýur­du­myz seç­gi­çi­lik we top­rak-ho­wa şert­le­ri­ni na­za­ra alyp, to­hum­la­ry sy­nag et­mek ug­ry bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri ut­gaş­dyr­mak, to­hum­çy­lyk hem-de döw­let­le­riň ara­syn­da ösüm­lik­le­riň to­hum­la­ry­ny iber­mek we ge­tir­mek ul­ga­myn­da öza­ra peý­da­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da çy­kyş edip, bu ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­dir­me­gi mak­sat edin­ýär.
Şeý­le hem hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we ugur­daş iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li esas­da okuw­la­ry gu­ra­mak üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy bel­le­nil­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we myh­man ýur­du­myz bi­len GDA-nyň To­hum­çy­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ut­gaş­dy­ry­jy ge­ňe­şi­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lyp, mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.