15-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farruh Homiddin Şerifzoda bilen duşuşdy.
Duşuşygyň başynda ministr türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ösmegine goşan goşandy üçin Ilçä hoşallyk bildirdi. Mundan başga-da, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň giňişleýin ugurlary boýunça Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky möhüm meseleler we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
R.Meredow Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledi. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýeti nygtaldy, munuň özi iki ýurduň arasynda dostlukly we netijeli gepleşikleriň mundan beýläk-de ösmegine täze itergi berdi.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen diplomatik missiýasynyň durmuşa geçirilmegine giňişleýin goldaw we ýardam berendigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.