Lukmanlar artykmaç agramdan dynmagyň we fiziki beden gurluşyňy gowulandyrmagyň usullarynyň ýene-de biriniň pyýada ýöremekdigini öňe sürýärler. Pyýada ýöremegiň saglyk üçin peýdalydygy, onuň dem alyş, ýürek-damar ulgamlaryny ösdürýändigi, bedeniň kislorody özleşdirmek ukybyny gowulaşdyrýandygy, maddalaryň çalyşmagyny tizleşdirip, kadalaşdyrýandygy köpe mälimdir.
Işleýän ýeriňe çenli pyýada gitmek, iş ýeriň juda uzak bolsa hem, iki-üç duralga öňräk düşüp, işe pyýada barmak fiziki işjeňligiňi artdyrmagyň esasy usullarynyň biridir. Şeýle hem, doly ýa-da käwagt lifte münmezlik juda täsirlidir. Basgançakdan münüp-düşmek energiýany iň köp harç edýän türgenleşik bolup, uýluk üçin juda peýdalydyr. Şunuň ýaly-da bedenterbiýe bilen meşgullanmak, hatda dükanlara we bazarlara pyýada gidip gelmek hem peýdalydyr. Beýleki şäherlere gezelenç etmek hem özüniň iň gowy netijesini berýär.