Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň syýasy durmuşynda uly wakalar bolup geçdi. Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) şu ýylyň ýanwar aýynda wezipesine girişen täze Baş sekretary Antoniu Guterreş paýtagtymyzda saparda boldy. Belent mertebeli myhman ýurdumyza üçünji gezek gelýär. Ýöne Baş sekretar wezipesinde ilkinji saparyny amala aşyrdy. Mundan ozal, BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary bolup işlän döwründe 2 gezek Türkmenistanda bolupdy.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasatynda halkara guramalar bilen, hususan-da BMG bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze ösüşe eýe bolup, baý many-mazmuna eýe bolýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň birnäçe toparlarynyň, komitetleriniň hem-de geňeşleriň agzasy bolup, olaryň çäklerinde degişli halkara işini alyp barýar.
Ine, şu ysnyşykly, özara bähbitli hem-de birek-birege ynanyşmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan gatnaşyklaryň ýokary derejelere çykýan döwründe BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş ýurdumyzda saparda boldy. Ol “Oguzhan” köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikler geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmany hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryny myhmansöýer türkmen topragynda tüýs ýürekden mübärekläp we ýurdumyza gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şu ýyl Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna girmeginiň 25 ýyllygynyň bellenilmegi babatda BMG-niň Baş sekretarynyň saparynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz BMG bilen giň möçberli hem-de uzak möhletli hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň üýtgewsiz strategik ugry bolup durýandygyny tassyklady.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz BMG bilen howpsuzlyk ulgamynda, durnukly ösüş meselelerinde, energetika, ulag, ekologiýa ulgamlarynda, demokratik institutlary ösdürmekde hem-de berkarar etmekde hyzmatdaşlyk edýäris. Şeýle hem häzirki wagtda Türkmenistan bilen BMG-niň özara gatnaşyklarynyň gün tertibinde durnukly ulag, energiýa howpsuzlygy, terrorçylyga garşy göreşmek, ýaragsyzlanmak, Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmek ýaly we beýleki strategik ugurlar durýar. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýedir, ol yzygiderli esasda, ahyrky netije babatda meňzeş ýörelgeler hem-de garaýyşlar esasynda alnyp barylýar. 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda BMG bilen bilelikde Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahat geçirildi. Onuň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Beýannamasy bu ugurda BMG-ä agza döwletleriň bilelikdäki geljekki hereketleri üçin esasy ýörelgeleri kesgitledi.
Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Türkmenistanyň geljekde hem BMG bilen energetika howpsuzlygy hem-de durnukly energetika boýunça hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigini nygtady. Türkmenistan bu mesele boýunça BMG bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam eder we şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretarynyň ýardam bermegine we goldawyna umyt edýär. Owganystandaky syýasy ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy hem möhüm mesele bolup galýar. Owgan halkyna ýaraşyga gelmek we ylalaşyk gazanmak üçin hakyky ýardam bermek zerurdyr. Oňa diňe parahatçylykly ýol bilen, gepleşikler arkaly ýetip bolar. Bu meseläniň başgaça çözgüdi ýokdur diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Terrorçylyga garşy netijeli göreş biziň ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň örän möhüm wezipesi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Aşgabatda BMG-niň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda BMG-niň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça BMG-niň we Merkezi Aziýanyň arasynda ýokary derejeli duşuşygyň geçiriljekdigini belledi. Bu babatda terrorçylygyň ýüze çykmagynyň sebäplerini aradan aýyrmaga gönükdirilen ylalaşykly hereketleri işläp taýýarlamak bu babatda möhüm wezipe bolup durýar. Hususan-da, gürrüň dünýäniň ol ýa-da beýleki sebitlerinde durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, onuň bilime we medeniýete hem-de beýlekilere elýeterliligi şertlerini döretmek barada gidýär.
2017 – 2019-njy ýyllar üçin biziň ýurdumyz Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyna başlyklyk etmek wezipesini kabul etdi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we häzirki wagtda Aral deňzi boýunça degişli Maksatnamanyň üç tapgyrynyň ýerine ýetirilendigini we onuň dördünji tapgyrynyň üstünde işlenilýändigini belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz, tiz wagtda, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini belledi. Bu oýunlar mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle derejede geçirilýän ilkinji ýaryşlar bolar. Bu bäsleşiklere Aziýanyň 45 ýurdundan türgenler bilen bir hatarda Okeaniýanyň 19 döwletinden türgenleriň hem ilkinji gezek gatnaşýandygy oýunlaryň aýratynlygydyr.
Biz bu ýaryşlara diňe bir sport babatda däl, eýsem, jemgyýetçilik-syýasy babatda hem uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Häzirki döwürde sport adamlaryň özara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi, döwletleriň we halklaryň, dürli dinlere ynanýan adamlaryň arasynda özara düşünişmegiň we ylalaşmagyň guraly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda täze ugur bolan sport ulgamyndaky giň möçberli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň başlangyç tapgyryna öwrüljekdigine ynam bildirip, belent mertebeli myhmany we BMG-niň wekillerini şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Aziada–2017-niň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.
BMG-niň Baş sekretary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabatda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýanyň döwletleri, şol sanda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady. BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar nusgalykdyr. Jenap Antoniu Guterreşiň belleýşi ýaly, özüniň BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň wezipesinde işlän döwründe hem türkmen tarapy bilen netijeli gatnaşyklary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge saldamly goşant goşýandygy we bu ugurda Merkezi Aziýa sebitinde öňdebaryjy orny eýeleýändigi nygtaldy.
Gepleşikler tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz we BMG-niň Baş sekretary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Milli Liderimiz duşuşygyň netijelerini beýan edip, belent mertebeli myhmany we onuň wekiliýetiniň ähli agzalaryny türkmen topragynda ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekledi we birek-birege düşünişmek, hormat goýmak hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ruhunda geçen netijeli gepleşikler üçin BMG-li hyzmatdaşlara minnetdarlyk bildirdi. Bu sapar jenap Antoniu Guterreşiň BMG-niň Baş sekretary hökmünde Türkmenistana ilkinji saparydyr. Biz bu waka, bir tarapdan, olaryň arabaglanyşygyny alamatlandyrýan özara gatnaşyklarymyzyň möhüm tapgyry, beýleki tarapdan bolsa, onuň geljege gönükdirilmegi hökmünde baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biz bu gezekki duşuşyga aýratyn ähmiýet berýäris. Çünki ol Türkmenistanyň BMG-ä girmeginiň 25 ýyllygynda amala aşyrylýar. Bu bolsa hyzmatdaşlygymyzyň jemlerini jemlemäge, onuň geljekki ugurlaryny we gatnaşyklaryň esasy ýörelgelerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Soňra BMG-niň Baş sekretary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, bu saparynyň Türkmenistana üçünji saparydygyny belledi. Ol ozal ýurdumyzda BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary wezipesinde iki gezek bolup görüpdi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Antoniu Guterreş bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde biziň ýurdumyzyň gazanan uly üstünliklerini nygtady. Bu ugurda Türkmenistan degişli maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça hem görelde görkezýär diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.
BMG-niň Baş sekretary türkmen Lideri bilen bolan duşuşygynyň netijelerine doly kanagatlanma bildirýändigini aýtdy. Şol duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleriniň ençemesi girizildi. Şunda Bitarap Türkmenistanyň dünýä proseslerine gatnaşmagynyň wajypdygy hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji ugruny, onuň Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine saldamly goşandy we goňşy döwletdäki ýagdaýy syýasy-diplomatik serişdeleri arkaly kadalaşdyrmak boýunça eýeleýän möhüm orny bellenildi.
Sözüniň ahyrynda jenap Antoniu Guterreş Aşgabat barada özünde galan täsirler hakynda gürrüň bermek bilen, ak mermerli türkmen paýtagtyna gelip görmek mümkinçiliginiň özünde uly kanagatlanma duýgusyny döredýändigini nygtady. Aşgabat şäheri özüniň gözelligi we sazlaşygy, ajaýyp täze desgalary, ýaşyl öwüsýän seýilgähleri hem-de seýilbaglary bilen haýran galdyrýar.
Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Aşgabatda geçirilen “BMG-niň we Merkezi Aziýanyň arasynda BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli gepleşiklerine” gatnaşdy. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde belent mertebeli myhman Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyna hem baryp gördi we şol ýerde BMG-niň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň işgärleri bilen duşuşdy.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl BMG-niň wekilhanasy Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde gurlan täze ajaýyp binasynda jaý toýuny tutdy. Bu döwrebap ak mermerli edara binasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de şol döwürde BMG-niň Baş sekretary wezipesinde işlän Pan Gi Munuň gatnaşmagynda 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda dabaraly ýagdaýda açylypdy.