Ma­ýa­mi­niň me­ri Fren­sis Sua­res gel­jek ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­jek ABŞ-nyň Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na gat­naş­mak is­le­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Ol Res­pub­li­kan par­ti­ýa­sy ta­ra­pyn­dan üçin da­laş eder.
45 ýaş­ly Sua­res ge­lip çy­ky­şy bo­ýun­ça ku­ba­ly­dyr. CNN ha­bar gul­lu­gy­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, ol 2017-nji ýyl­da Ma­ýa­mi şä­he­ri­niň me­ri we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy, 2021-nji ýyl­da bol­sa tä­ze möh­le­te saý­lan­dy.
Mun­dan ozal res­pub­li­kan par­ti­ýa­syn­dan pre­zi­dent­li­ge öz da­laş­gär­li­gi­ni ABŞ-nyň öň­ki Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp, Flo­ri­da şta­ty­nyň gu­ber­na­to­ry Ron De­san­tis, öň­ki wi­se-pre­zi­dent Maýk Pens, Gü­nor­ta Ka­ro­li­na­nyň se­na­to­ry Tim Skott, ABŞ-nyň BMG-dä­ki he­mi­şe­lik we­ki­li Nik­ki Heý­li, şeý­le hem De­mir­ga­zyk Da­ko­ta­nyň gu­ber­na­to­ry Dug Ber­gam we Nýu Jer­si­niň öň­ki gu­ber­na­to­ry Kris Kris­ti da­gy hö­dür­le­di­ler.