Şu ýy­lyň mart aýyn­da 4 ýyl 218 gün ýa­şyn­da il­kin­ji ki­ta­by­ny çap et­di­rip, bu ugur­da iň ýaş ýa­zy­jy hök­mün­de dün­ýä re­kor­dy­ny go­ýan Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den Sa­id Ra­şed Al-Mheý­ri öz üs­tün­li­gi bi­len ýe­ne-de haý­ran gal­dyr­dy. 20 gün­den soň ýaş ýa­zy­ja bu ki­ta­byň do­wa­my­ny ýaz­mak ba­şart­dy we bu hem oňa 4 ýyl 238 gün ýa­şyn­da ki­tap­lar top­lu­my­ny çap eden iň ýaş ýa­zy­jy de­re­je­si­ni ge­tir­di. Bu ba­ra­da Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär.
Ki­tap Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de 13 ýa­şa çen­li ça­ga­la­ra gö­nük­di­ri­len “Ra­in­bow Chim­ney Educatio­nal Aids” tä­jir­çi­lik ne­şir­ýa­ty ta­ra­pyn­dan çap edil­di. Düz­gün­le­re la­ýyk­lyk­da, ki­tap azyn­dan 1000 sa­ny çap nus­ga­sy bi­len sa­tyl­ma­ly. Ýa­zy­jy­nyň maş­ga­la­sy bu gör­ke­zi­ji­ni 2023-nji ýyl­da Abu-Da­bi­de ge­çi­ri­len Hal­ka­ra ki­tap ýar­mar­ka­syn­da ga­za­nyp ba­şar­dy.