BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş 14-nji iýunda gruziýaly Kahi Imnadzeni guramanyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine belledi. Jenap Kahi Imnadze moldowaly Natalýa Germanyň ornuny eýelär. Bu barada BMG-niň habarlar merkezinde mälim edildi.
Şeýle hem Kakha Imnadzeniň diplomatiýa, döwlet gullugy we işewürlik boýunça 30 ýyldan gowrak tejribesi bardygy bellenilýär. Ol 1989-njy ýylda öz ýurdunyň diplomatik gullugynda işe başlap, soňky ýyllarda diplomatiýa, gepleşikler, araçylyk we syýasy töwekgelçiligi bahalandyrmak babatda uly tejribe toplady.
Ol häzirki wagta çenli Gruziýanyň Kanadadaky ilçisi we Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň hemişelik wekili bolup işledi. Ondan öň 2013-2022-nji ýyllar aralygynda Gruziýanyň BMG-de hemişelik wekili bolup işledi. Şeýle hem, Kahi Imnadze 10 ýyl hususy pudakda işläp, syýasy töwekgelçiliklere baha bermek we maýa goýumlary ýaly meseleler bilen meşgullandy.
Imnadze Tbilisiniň döwlet uniwersitetini tamamlady. Gruzin, iňlis we rus dillerini suwara bilýär.