Bu ýyl­ky sy­ýa­hat­çy­lyk möw­sü­mi Hor­wa­ti­ýa üçin re­kord de­re­je­de gir­de­ji­li bo­lup bi­ler. Ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýur­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­dan mil­li­on­lar­ça sy­ýa­hat­çy gel­di, umu­my sy­ýa­hat­çy­lyk aky­my bol­sa, ge­çen ýyl­da­ky­dan 20 gö­te­rim ar­tyk­dyr. Hü­när­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, bu oňyn dep­gin do­wam ed­ýär di­ýip, “Ha­bar 24” ýaz­ýar.
Köp­ler sy­ýa­hat­çy­lyk iş­jeň­li­gi­niň art­ma­gy­ny Hor­wa­ti­ýa­nyň Şen­gen zo­la­gy­na gir­me­gi bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar­lar. Ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa­syn­dan soň Hor­wa­ti­ýa ge­çen ýyl di­ke­lip baş­la­dy. 2022-nji ýyl­da ýyl bu pu­dak döw­let gaz­na­sy­na re­kord de­re­je­de, ýag­ny, 14 mil­liard dol­lar gir­de­ji ge­tir­di. Bu ýyl gör­ke­zi­ji bir­nä­çe es­se ar­typ bi­ler.
Hor­wat sy­ýa­hat­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň baş di­rek­to­ry Kris­ti­an Sta­ni­çiç şeý­le gür­rüň ber­ýär:
– Hä­zir­ki wagt­da bi­ziň ýur­du­my­za 5 mil­lio­na go­laý da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy gel­di, bu ge­çen ýy­lyň gör­ke­zi­ji­le­rin­den 20 gö­te­rim ýo­ka­ry­dyr. Biz hat­da 2019-njy ýyl­da­ky re­kord de­re­je­dä­ki ösüş­den hem ýo­ka­ry iş­jeň­li­giň şa­ýa­dy bol­ýa­rys. Şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri sy­ýa­hat­çy­lyk aky­my ep-es­li art­dy we bu el­bet­de, Hor­wa­ti­ýa­nyň Şen­gen se­bi­ti­ne gir­me­gi­niň ne­ti­je­si­dir.
Sy­ýa­hat­çy­lar, esa­san, Slo­we­ni­ýa­dan, Ita­li­ýa­dan, Weng­ri­ýa­dan, Awst­ri­ýa­dan we Ba­wa­ri­ýa­dan gel­ýär­ler. Ga­ly­ber­se-de, içer­ki sy­ýa­hat­çy­lyk aky­my hem art­ýar.